Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da koronawirus hadysalary gürelýär, Tramp kampaniýa ýygnanyşygyny goýbolsun etdi


Prezident Donald Tramp metbugat işgärlerine elini galgadýar. Waşington, 10-njy iýul, 2020.
Prezident Donald Tramp metbugat işgärlerine elini galgadýar. Waşington, 10-njy iýul, 2020.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 11-nji iýulda Nýu-Hempşirde geçiriljek kampaniýa ýygnanyşygyny goýbolsun etdi. Bu çäre ABŞ-da koronawirus epidemiýasynyň gözegçilik astynda saklanmagy ugrunda alnyp barylýan göreşiň çäginde görüldi.

Resmiler ýygnanyşygyň koronawirus sebäpli däl-de, golaýlap gelýän tropiki tupan sebäpli bir-iki hepde yza süýşüriljekdigini aýtdylar. Noýabr aýynda gaýtadan saýlanjak Tramp üç hepde öň Oklahoma ştatynyň Tulsa şäherinde ýygnanyşyk geçirdi, bu çärä gatnaşyjylaryň köpüsi maska geýmek we sosial aralygy saklamak baradaky teklipleri kabul etdi.

Bu ýygnanyşykdan iki-üç hepde soň Tulsa şäherinde koronawirus ýokuşmalarynyň sany ýokary galdy, bu COVID-19-a getirýän ýokuşmalaryň alýan wagtyna laýyk gelýär.

Tramp 10-njy iýulda Florida ştatynda bolup, ABŞ-nyň harby işgärleri bilen duşuşdy we olaryň neşe serişdelerine garşy alyp barýan tagallalaryny magtady. Jon Hopkins uniwersitetiniň hasabatyna görä, ABŞ-da tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 10-njy iýulda 63 müňden gowrak köpelip, 3,1 milliondan gowrak boldy. Bu dertden ölenleriň sany 700-den gowrak köpelip, 134,067-e ýetdi.

XS
SM
MD
LG