Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nebit öndürýän ýurtlar önümçiligiň azaldylmagyny gowşatmak ähtimallygyny maslahatlaşar


Nebitiň bahasy, aprel aýynyň ahyrynda her barreli 20 dollar töweregi pes bolanlygyndan, geçen hepde 43 dollara çenli ýokary galdy.

OPEK nebit karteli şu hepde, global islegiň pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp gelýändigini görkezýän alamatlaryň arasynda, nebit önümçiligini artdyrmak ýa-da ýokarlandyrmazlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşmaly.

"The Wall Street Journal" we "Bloomberg", Saud Arabystany ýaly esasy kartel öndürijileriniň, Orsýet ýaly agza däl, ýöne möhüm ýurtlar bilen birlikde, guramanyň häzirki we geljekdäki önümçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin 15-nji iýulda wideo konferensiýa geçirjegini habar berdi.

Önümçiligiň düýpli azaldylmagy, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görlen petikleme çäreleri we kärhanalaryň ýapylmagy zerarly azalan islegler bilen baglylykda, görülmedik derejede arzanlan çig nebit bahalaryny durnuklaşdyrmaga kömek etdi.

OPEK +, Orsýet bilen bile nebit öndürýän ýurtlaryň 23 sanysyny öz içine alýan gurama aprel aýynda maý we iýun aýlarynda öndürilýän önümleriň global üpjünçiliginiň takmynan 10 göterimini azaltmaga razy boldy.

Indi Saud Arabystany we bu bileleşige gatnaşyjylaryň köpüsi önümçilikdäki çäklendirmeleri gowşatmagy goldaýar diýip, habarda aýdylýar.

Karteliň ministrlikler derejesinde işleýän bilelikdäki gözegçilik komiteti önümçilik çäklendirmelerini ýene bir aý saklamalymy ýa-da, başda planlaşdyrylyşy ýaly, togtadylan önümçilikleriň käbirini dikeltmeli diýen meselä serederler. "Bloomberg" agzalaryň käbiriniň önümçiligiň dikeldilmegine gol ýapýandygyny aýdýar.

Neşir Orsýetiň esasy nebit kompaniýalarynyň hem indiki aýdan önümçiligi artdyrmaga taýýarlanýandygyny aýtdy.

Nebitiň bahasy, aprel aýynyň ahyrynda her barreli 20 dollar töweregi pes bolanlygyndan, geçen hepde 43 dollara çenli ýokary galdy.

Halkara Energetika agentligi 10-njy iýulda koronawirusyň global nebit islegine iň erbet täsir ýetiren wagtynyň geçendigini aýdyp, hasabat çap etdi.

XS
SM
MD
LG