Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestçiler Sofiýada we deňiz kenarynda toplandy. Prezident hökümeti işden çekilmäge çagyrýar


Prezident Rumen Radew Sofiaýada hökümete garşy protestçiler bilen duşuşýar.
Prezident Rumen Radew Sofiaýada hökümete garşy protestçiler bilen duşuşýar.

Bolgar prezidenti hökümeti işden gitmäge çagyrýar, protestçiler Sofiýada we kenarýaka şypahanasynyň golaýynda toplandy

Müňlerçe raýatyň Gara deňiz boýunda bir kenarda we paýtagtda ýygnanyp, ýurduň elitasyndaky korrupsiýa garşy protest bildirmegi bilen, bolgar prezidenti hökümeti we baş prokurory işden çekilmäge çagyrdy. Rumen Radew bu çagyryşy 11-nji iýulda, Baş prokuratura iki gün ozal öz işgärlerine garşy reýd geçirenden soň etdi.

Prezident edarasyndaky gözleg, agtaryş işleri Radew prezidentiň, premýer-ministriň we beýleki ýokary wezipeli emeldarlaryň goragy üçin jogapkär Milli Gorag gullugy (MGG) Hukuklar we azatlyklar hereketiniň (HAH) hormatly başlygy Ahmed Dogany goramagy bes etmeli diýenden soň geçirildi.

Dogan Bolgariýanyň iň güýçli adamlaryndan biri bolup, köp adam onuň Hukuklar we azatlyklar hereketi ýurduň sud ulgamyna, şol sanda Baş prokuratura gözegçilik edýär diýip hasaplaýar.

Radew bu çagyryşy Milli gorag gullugynyň agzalarynyň adamlary bikanun ýagdaýda Doganyň tomusky rezidensiýasynyň golaýyndaky köpçülik kenaryna goýbermeýändikleri belli bolandan soň etdi.

Birnäçe müň demonstrant 11-nji iýulda hemmeler üçin deň derejede goragy we kenara barmak mümkinçiligini talap edip, bu ýerdäki kenara ugrady.

Demonstrantlaryň käbiri soňra korrupsiýa we hökümete garşy ýörişleriň üçünji gijesine gatnaşmak üçin paýtagta gaýdyp geldi.

XS
SM
MD
LG