Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani koronawirus hadysalarynyň köpelmegi sebäpli toýlary, jynazalary gadagan etmäge çagyrýar


 Hassan Rohani
Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hasan Rohani koronawirus ýokuşmalarynyň badyny gaçyrmak üçin toýlar we jynazalar ýaly köpçülikleýin ýygnanyşyklaryň wagtlaýynça gadagan edilmegine çagyrdy, ýöne ykdysady işjeňligi çäklendirmegiň ýene bir tapgyryny ündemekden saklandy.

11-nji iýulda edilen çagyryşdan gysga wagt soň Tähran polisiýasy paýtagtdaky ähli toý we ýas ýerleriniň açyljak wagty habar berilýänçä ýapyljakdygyny yglan etdi.

Täze koronawirusyň iň köp täsir eden ýurtlaryndan biri bolan Eýran aprel aýynyň ortalaryndan bäri petiklenmeleri ýuwaş-ýuwaşdan gowşadýar, ýöne täze ýokuşmalaryň ep-esli artmagy käbirleriniň hökümeti yza dönmäge, petiklemeleri güýçlendirmäge çagyrmagyna sebäp boldy.

Ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda 180-den gowrak täze ölümi we 2400-e golaý täze hadysany hasaba aldy, ýokanç kesellileriň umumy sany 255,117-ä ýetdi, 12,635 adam bolsa bu dertden öldi.

Rohani wirus ýokuşmalarynyň ýygjamlaşmagyny toý we jynaza ýaly köpçülikleýin ýygnanyşyklaryň köpelmegi bilen düşündirdi we uniwersitetlere giriş synaglarynyň togtadylmalydygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol ykdysady işjeňligi çäklendirmek pikirini ret edip, ykdysadyýetiň ýapylmagynyň adamlaryň durmuşyna-da ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG