Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Türkmenistana saglyk gorag eşiklerini satýar


Aşgabat. Awtobus sürüjileri hem ýüz maskasyny geýip başlady.

Russiýa Federasiýasy Türkmenistana gorag saglyk eşiklerini iberer diýip, türkmen hökümetine tarapdar “Orient” neşiri Orsýetiň senagat we söwda ministri Denis Manturowa salgylanyp habar berýär.

Rus resmisiniň sözlerine görä, Orsýetde koronawirus ýokuşmasynyň haýallamagy netijesinde saglyk gurallarynyň bir toparyna, şol sanda gorag maskalaryna bolan ozalky isleg peseldi. Bu ýagdaý saglyk gorag gurallaryny öndürmegi güýçlendiren ýerli kärhanalar üçin mesele döretdi.

Ministrlik, kärhanalary goldamak maksady bilen, 300 milliona golaý ýüz maskasyny federal ätiýaçlygy üçin satyn almagy planlaşdyrýar we saglyk enjamlarynyň eksport edilmegine goldaw berýär diýip, Manturow nygtady.

Ministriň sözlerine görä, Türkmenistana gorag eşiklerini, Pars aýlagy ýurtlaryna antiseptikleri we dezinfeksiýa serişdelerini, ABŞ-a gyzgyn ölçenýän terminallary ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe gün öň ýurduň Baş dermanhana gullugyna Orsýetden wirusa garşy derman serişdelerini satyn almaga ygtyýar berýän karara gol çekdi.

Mundan öň ýüz maskalaryny gadagan eden ýurtda soňky günlerde ýüz maskalaryny geýmek hökmany talaba aýlanýar, emma häkimiýetler koronawirus simtomlary bilen ýogalýan adamlar barada garaşsyz mediada çykýan maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG