Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kosowonyň prezidenti uruş jenaýatçylygy aýyplamasy esasynda Gaagada jogap berer


Kosowonyň prezidenti Haşim Thaçi

Kosowonyň prezidenti Haşim Taçi 13-nji iýulda Gaaga baryp halkara uruş jenaýatlary meselesi barada prokurorlar bilen gepleşer.

Kosowanyň bilermenler palatalary (SPO) 24-nji iýunda garaşylmadyk ýagdaýda Taçiniň we beýleki görnükli kosowolylaryň "100-e golaý adamy öldürmek", ýitirim etmek we gynamak ýaly agyr jenaýatlarda şübhelenilendigini aýtdy.

Taçi 1990-njy ýyllarda Serbiýadan garaşsyzlygy ugrundaky partizançylyk söweşini alyp baran Kosowony azat ediş goşunynyň (KLA) baş serkerdesidi.

Bu aýyplamalary ret eden Taçi, SPO-nyň çakylygy boýunça söhbetdeşlige Gaaga gitjekdigini 8-nji iýulda Facebookda aýtdy.

Taçi eger sud edilse, dessine işinden aýryljakdygyny we aýyplama bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny kosowolylara aýtdy.

Taçä bildirilen aýyplamalar ABŞ-nyň hemaýaty bilen geçen aýda Ak Tamda Kosowonyň we Serbiýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda planlaşdyrylan parahatçylyk gepleşikleriniň ýatyrylmagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG