Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netijeler Polşanyň prezidenti Dudanyň ikinji möhlete galjagyny görkezýär


Saýlaw nokady, Warşawa, 12-nji iýul, 2020.

13-nji iýulda Polşanyň Milli Saýlaw Geňeşi konserwatiw prezident Andrzej Dudanyň ýurduň prezident saýlawlarynda sanalan tas ähli sesleriň netijesinde 51,21 % ses toplandygyny yglan etdi.

Sesleriň 99,97 % hasaba almak bilen tamamlanan saýlawlarda Warşawanyň liberal häkimi Rafal Trzaskowski 48,79 % ses aldy.

Saýlaw komissiýasy saýlawçylaryň gatnaşyk derejesiniň adatdakysyndan ýokary bolup, 68,12% bolandygyny aýtdy. Jemleýji netijeler biraz üýtgäp biler.

Polşadaky ses berişlik sanitariýa düzgünlerine laýyklykda geçirildi. Saýlawçylar maska we ellik geýmeli boldy, howpsuz aralygy saklamak we el arassalaýjy serişdeleri ulanmak düzgünleri berjaý edildi. Ses berijiler saýlaw býulletenlerini bellemek üçin öz ruçkalaryny ulandylar.

Duda dolandyryjy sagçy Kanun we Adalat partiýasy hem-de ýurduň hökümeti tarapyndan goldanýar.

Warşawanyň häkimi we Ýewropa Parlamentiniň öňki kanun çykaryjysy Trzaskowski esasy oppozisiýa partiýasy bolan "Jemgyýet platformasyna" wekilçilik edýär.

Geçen aýda geçirilen birinji tapgyrda Duda 43,5% ses alypdy, Trzaskowski 30,5 % ses gazanypdy.

Dudanyň gaýtadan saýlanmagy, Kanun we Adalat partiýasynyň jedelli sud reformalaryny güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bolar.

Ýewropa Bileleşigi bu reformalary tankytlaýar we suduň syýasylaşdyrylýandygyny aýdýar. Trzaskowski demokratik kadalary bozýan kanunlary böwetlejekdigini saýlaw kampaniýasynyň dowamynda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG