Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan koronawirus pandemiýasynyň pidalarynyň hatyrasyna matam tutýar


Gazagystan koronawirus pandemiýasynyň pidalarynyň hatyrasyna matam çäresini geçirýär, Nur-Sultan, 13-nji iýul, 2020
Gazagystan koronawirus pandemiýasynyň pidalarynyň hatyrasyna matam çäresini geçirýär, Nur-Sultan, 13-nji iýul, 2020

Merkezi Aziýa boýunça koronawirus hadysalary köpelýän wagty Gazagystan COVID-19 pidalarynyň hatyrasyna matam tutýar.

Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, telewideniýede dynç-alyş gepleşikleri ýatyryldy we 13-nji iýul güni günortan sagat 12:00-de tutuş ýurt boýunça bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi. Metjitlerde, kiliselerde we sinagoglarda COVID-19 pidalaryna ýörite hatyra çäreleri geçirildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aradan çykan iki gazak lukmanyny – demirgazyk Kokşetau şäherinden Oleg Isaýew bilen demirgazyk-günbatar Aktau şäherinden Kalikhan Kozbagarowy Gazagystanyň Zähmet gahrymany medaly bilen sylaglamak barada karar çykardy.

Olaryň ikisi-de koronawirus näsaglaryna seredýän wagtlarynda COVID-19-a ýolukdy. Saglyk resmileri martyň ortalaryndan bäri ýurt boýunça jemi 28 saglyk işgäriniň täze koronawirusdan heläk bolandygyny aýdýarlar.

13-nji iýula çenli Gazagystan 59,899 koronawirus näsagyny hasaba aldy, 375 adam bu keselden heläk boldy.

13-nji iýulda Gyrgyzystanda polisiýa 4-nji oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlarynyň wagtyny yza süýşürmegi talap eden alty aktiwisti tussag etdi.

Bu aktiwistler Bişkekde prezidentiň diwanynyň öňüne 500 töweregi protestçini getirmegi planlaşdyrypdy, ýöne şäher häkimiýetleri koronawirus çäklendirmeleri sebäpli 100-den köp adamyň ýygnanmagyna rugsat berilmeýändigini duýduranlaryndan soň, 13-nji iýulda bellenen ýere bary-ýogy onlarça adam ýygnandy.

Şeýle-de aktiwistler hökümetden koronawirus boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan etmegi hem-de wirusyň ýaýramagynyň öňüni alyp bilmeýän resmileri jogapkärçilige çekmegi talap etdi.

Gyrgyzystanyň saglyk edaralary 13-nji iýulda ýurtda koronawirus näsaglarynyň sanynyň 11,117 adama ýetendigini we bu keselden 147 adamyň aradan çykandygyny mälim etdi.

Ýöne resmiler martdan bäri koronawirus barlagy oňaýsyz netije görkezen 452 näsagyň pnewmoniýadan aradan çykandygyny hem aýdýarlar.

Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 10-njy iýulda üç hepdelik ikinji koronwirus petiklenmelerini yglan eden Özbegistanda saglyk resmileri paýtagt Daşkentde öz işine başlaýan ýörite COVID-19 barlag merkezleriniň sanawyny mälim etdiler.

Soňky resmi maglumatlara görä, Özbegistanda 12,855 adama koronawirus ýokuşdy we 59 adam aradan çykdy.

Täjigistanda 12-nji iýula çenli 6,522 koronawirus näsagy hasaba alyndy we 55 adam aradan çykdy.

Ýöne AÝ/AR-yň Täjik gullugynyň geçen aý geçiren derňewi ýurtda COVID-19-dan heläk bolan adamlaryň hakyky sanynyň birnäçe ýüz adamdygyny habar berdi.

Türkmenistan sebitde resmi taýdan ýekeje-de koronawirus keselini hasaba almadyk ýeke-täk ýurtdyr, ýöne AÝ/AR-yň habarçylary bu ýurtda ýerli keselhanalaryň pnewmoniýa alamatly näsaglardan aşa dolandygyny, olaryň käbirleriniň, şol sanda saglyk işgärleriniň ölendigini habar berýär.

Ýurduň käbir künjeklerinde karantin zolagy diýilýän ýerler döredildi, käbir senagat desgalary ýapyldy diýip, AÝ/AR habarçylary habar berýär.

6-njy iýulda Bütindünýä saglyk guramasynyň köp garaşdyran missiýasy ýagdaýa baha bermek üçin hem-de ýurtda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almakda türkmen resmilerine ýardam bermek üçin 10 günlük sapar bilen Türkmenistana bardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG