Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 näsaglarynyň birden köpelmegi Merkezi Aziýa ýurtlaryny çäklendirmeleri yza getirmäge mejbur edýär


Bişkekde bir polisiýa işgäri adamlaryň beden gyzgynlygyny ölçeýär. Bişkek, Gyrgyzystan. 26-njy maý, 2020-nji ýyl.
Bişkekde bir polisiýa işgäri adamlaryň beden gyzgynlygyny ölçeýär. Bişkek, Gyrgyzystan. 26-njy maý, 2020-nji ýyl.

Merkezi Aziýa ýurtlary özleriniň gowuşgynsyz ykdysadyýetini göwşüldeden we uzaga çeken petiklenmelerden ýaňy çykyp barýarka, koronawirus ýokançlyklarynyň täzeden ýokarlanyp başlamagy, bu ýurtlarda resmileri iş ýerlerini ýapyp, adamlary işsiz goýýan çäklendirmeleri täzeden güýje girizmäge mejbur edýär.

Ýöne pandemiýa döwründe saglyk işgärleri we gabyr gazýanlar üçin elmydama-da iş köp.

“Adaty günlerde biziň mazarlygymyzda her aý bäş töweregi jeset jaýlanýar” diýip, Gazagystanyň Aktobe şäheriniň eteginde ýerleşýän mazarlygyň bir işçisi 25-nji iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Ýöne soňky iki-üç günüň dowamynda, jaýlamak üçin her gün alty-ýedi jeset getirilýär” diýip, ol aýtdy.

Özbegistanyň Buhara regionynda “ýokançlyklaryň sanynyň ýokarlanmagy sebäpli” 1-nji iýuldan başlap, hökümet köpçülik transport serişdeleriniň işini çäklendirdi we käbir bazarlary ýapdy diýip, döwlet mediasy habar berdi.

Dynç alyş günleri Özbegistan boýunça ähli söwda merkezleri we bazarlar giňeldilen dezinfeksiýa işleri sebäpli ýapylar diýip, ýurduň koronawirusa garşy ýörite iş topary 30-njy iýunda mälim etdi.

Koronawirus barlag bekediniň medisina işgärleri. Almaty, Gazagystan
Koronawirus barlag bekediniň medisina işgärleri. Almaty, Gazagystan

32 million ilaty bilen Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy Özbegistan soňky wagtlarda her gün azyndan 230 täze koronawirus näsagyny hasaba alýar, ýöne saglyk testleriniň ýiti ýetmezçiligi hem-de resmileriň sanlary “azaldyp ýazýandyklary” sebäpli ýokançlyklaryň anyk sany nämälimliginde galýar.

Gazagystanda 1-nji iýulda yglan edilen iki hepdelik petiklenmeler 5-nji iýulda başlanar. Täze karantin çäreleri ýurtda soňky üç hepdäniň dowamynda COVID-19 näsaglarynyň sanynyň birden aşa köpelmeginiň yz ýany yglan edildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew resmilere ýurtda 16-njy mart – 11-nji maý aralygynda girizilen çäreler ýaly “berk karantin düzgünlerini” güýje girizmegi tabşyrdy.

Tassyk bolan ýokançlyklaryň sany maý aýynyň ortalarynda, haçan-da Merkezi Aziýanyň iň kuwwatly ykdysadyýeti bolan bu ýurdunda petiklenmeler ýatyrylanda, 5000 adam bolan bolsa, ol 1-nji iýulda 41,065 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 1,604 töweregi adamyň koronawirus barlagy oňyn netije görkezdi diýip, hökümet web-saýty 1-nji iýulda habar berdi.

Täze näsaglaryň sany Gyrgyzystanda-da köpelýär. Gyrgyz hökümeti bu krizisiň ýurduň saglyk ulgamyna ägirt uly basyş edýändigini aýdýar.

Ikinji tolkunmy ýa-da güýçlenen birinji tolkun?

Gazagystanda iýunyň ortalarynda, haçan-da hökümet iri söwda merkezlerini, kinoteatrlary we teatrlary ýuwaş-ýuwaşdan açmagy meýilleşdirende, resmiler täze näsaglaryň sanynyň köpelýändigi barada duýduryş berip başladylar.

Indi bolsa hökümet iş ýerlerinde çäklendirmeleri güýçlendirmäge mejbur bolýar.

Gazagystanyň iň iri ikinji şäheri bolan Almatada ähli bazarlar we dükanlar 15-nji iýundan bäri özleriniň iş sagatlaryny kemeltdiler.

Şuňa meňzeş çäklendirmeler Karagandyda, Mangitauda, demirgazyk Gazagystanda, günorta Gazagystanda, Türkistanda we günbatar Gazagystanda ýerleşýän welaýatlarda-da güýje girizildi.

Ençeme gazak keselhanalary COVID-19 alamatlary bilen hassahana ýerleşdirilýän adamlaryň sanynyň köpelmegi sebäpli düşek ýetmezçiligini başdan geçirýär.

Şeýle-de, ýurtda pnewmoniýa näsaglarynyň sany öňküsinden görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy we olaryň köpüsiniň soňy ölüm bilen netijelenýär. Pnewmoniýa köplenç COVID-19 näsaglarynda ýüze çykýar.

Almatynyň COVID-19 ykjam saglyk barlag bekedinde medisina işgäri bir aýaldan koronawirus analizi üçin suwuklyk alýar
Almatynyň COVID-19 ykjam saglyk barlag bekedinde medisina işgäri bir aýaldan koronawirus analizi üçin suwuklyk alýar

30-njy iýunda Alekseý Tsoý ýurtda her gün 2,500 täze pnewmoniýa näsagynyň hasaba alynýandygyny aýty.

Gyrgyzystanda Gyssagly lukmançylyk merkeziniň başlygy Iskander Şaýahmatow öz saglyk merkezilerine pnewmoniýa meňzeş alamatlar bilen jaň edýän Bişkek ýaşaýjylarynyň köpelýändigini aýtdy. Şaýahmatow bu ýagdaýyň tomus aýlary üçin adaty ýagdaý däldigini aýtdy.

Pnewmoniýa ýokançlyklary Täjigistanda-da ýokarlanýar, Merkezi Aziýanyň tas ähli ýurtlarynda diýen ýaly saglyk resmileri bu näsaglaryň koronawirus testleriniň köplenç negatiw netije görkezýändigini aýdýarlar.

Şübheli statistika

Merkezi Aziýada koronawirus statistikalaryny takyk anyklamak aňsat däl. Regionyň köp ýurdunda tankytçylar resmileri koronawirus sanlaryny azaldyp görkezmekde aýyplaýarlar.

Gazagystany hasaba almasaň, sebitde saglyk barlag mümkinçilikleri gaty pes bolmagynda galýar, lukmançylyk hünärmenleri synag enjamlarynyň ygtybarlylygyna şübhelenýärler.

Täjigistanda welaýat hassahanalaryň lukmanlary koronawirus testleriniň elýeterli däldigini we nusgalary özleriniň paýtagta Duşenbä ibermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Iki hassahana ýolbaşçysy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren gürrüňlerinde, testleriň ýokdugy sebäpli görnetin COVID-19 alamatlary bilen aradan çykan adamlaryň ölüm sebäbini özleriniň pnewmoniýa diýip görkezendiklerini aýtdylar.

30-njy iýuna çenli Täjigistan 5,954 ýokançlygy habar berdi, ölüm sanlary bolsa birnäçe gün bäri üýtgewsiz galýar. Täjigistanda bu keselden 52 adam heläk boldy.

Emma Azatlyk Radiosynyň derňewi resmileriň görkezijileriniň ýerli aktiwistleriň we medisina işgärleriniň çaklamalaryndan ep-esli pesdigini görkezdi.

Käbir aktiwistler tarapyndan döredilen web-sahypa saglygy goraýyş edaralaryna, aktiwistleriň garyndaşlaryna, ýerli resmilere ýa-da sosial media maglumatlaryna salgylanyp, 14-nji iýuna çenli koronawirusdan ölenleriň sanyny 437 diýip görkezýär. AÝ/AR koronawirusdan 150 adamyň aradan çykandygyny anyklady.

Täjik häkimiýetlere 30-njy aprele çenli ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürdüler. Ondan ozal, resmileri pnewmoniýa meňzeş şübheli ölümleriň köpelmegini sorag edýän žurnalistlere azar berdiler.

Merkezi Aziýanyň iň gizlin we repressiw ýurdy bolan Türkmenistan şu wagta çenli ýekeje-de koronawirus ýokaşmasy barada habar bermedi.

Ýöne dürli lukmançylyk çeşmeleri hökümetiň inkär edýändigine garamazdan, Türkmenistanyň tas ähli regionlarynda COVID-19 näsagynyň hasaba alnandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Ilkibaşda BSG wekiliýetiniň ýurda gelmegine rugsat bermekden ýüz öwüren Aşgabat razy boldy we geçen hepde BSG resmileriniň ýurda gelip biljekdigini aýtdy. Emma sapar heniz amala aşmady.

Türkmenistanda koronawirusa ýoluganlaryň arasynda birnäçe lukmanyň bardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Çoganlydaky Ýokanç keselleri hassahanasynda iki lukmanyň COVID-19-dan ölendigini hem-de welaýat hassahanalarynda başga-da birnäçe lukmana wirusyň ýokaşandygyny habar berdiler.

Gazak prezidenti Tokaýew öz hökümetiniň “halkara jemgyýetçiliginden hiç zady gizlemeýändigini” hem-de onuň ýurtdaky “hakyky ýagdaýy” açyp görkezmek isleýändigini aýtdy. Ol 29-njy iýunda Gazagystanyň her gün 28,000 koronawirus barlagyny geçirmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

1-nji iýulda Gazagystanyň koronawirus statistikalaryny çap edýän resmi websaýty kesel alamaty bolmadyk adamlary umumy sanawa dahylly etmezlik tejribesini bes etdi.

Şu wagta çenli hökümetiň gündelik hasabaty kesel alamatyny görkezmeýän näsaglary sanawa goşman gelýärdi. Tankytçylar bu usuly statistikanyň “manipulýasiýa edilmegi” atlandyrdylar.

Meselem, 30-njy iýunda hökümetiň koronawirus iş topary soňky 24 sagadyň dowamynda 492 täze koronawirus ýokançlygyny habar berdi. Ýöne bu hasabata şol gün koronawirus barlagy oňyn netije görkezen ýöne koronawirus alamatlary bolmadyk 1,003 adam goşulmady. Web-saýt kesel alamaty bolmadyk näsaglary aýratyn bölümde görkezdi.

“Aman-saglyk” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Dr. Bagty Tümenowa şeýle usulyň ýagdaýy ýoýup, ýalňyş görkezýändigini aýtdy.

“Kesel alamatlary bolmadyk adamlar hem kesel alamaty bolan näsaglar bilen deň-derejede ýokaşdyryjydyr” diýip, ol AÝ/AR-a gürrüň berdi.

Mundan soň nämeler bolar?

Tokaýew ýerli häkimlere 5-nji iýulda başlajak täze petikleme döwründe saglygy goraýyş ulgamyny zerur serişdeler bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de ol “pandemiýanyň ikinji tolkunynyň ýüze çykmak ähtimallygyny nazarda tutup”, ýokanç keselleri hassahanalarynda bar bolan düşekleriň sanyny iýulyň ahyryna çenli 50 prosent köpeltmegi buýruk berdi.

Gazak hökümeti krizisiň ykdysadyýete ýetirýän täsirini, şeýle-de iş orunlaryny we ykdysady işjeňligiň saklap galmak çärelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 10-njy iýulda ýygnak geçirer.

Aprel aýynda ýangyja baý ýurt pandemiýa döwründe öz raýatlaryny we kiçi kärhanalary goldamak üçin 13,5 milliard dollar töwereginde maliýe serişdesini wada berdi.

Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary krizisi netijeli çözmek hem-de pandemiýada ozal hem garyp düşen ilatyny goldamak üçin anyk maksatnamalary heniz hödürlemedi.

Täjigistan we Gyrgyzystan saglyk işgärleriniň aýlyklaryny az mukdar ýokarlandyrdy we pes girdejili käbir maşgalalara ynsanperwerlik kömegini berdi.

“Pandemiýa bolsun, bolmasyn, men özümi hiç wagt hökümet goraýan ýaly duýmadym” diýip, Russiýanyň Týumen regionynda ýaşaýan täjigistanly migrant Ganyjan aýtdy.

“Meniň ýagdaýym Russiýanyň ýagdaýyna baglydyr. Bu mydama-da şeýle boldy” diýip, ol sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG