Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjan-Ermenistan serhet çaknyşyklarynyň yzýany, taraplar saklanmaga çagyrylýar


Ermeni esgeri. Illýustrasiýa suraty

Ermenistan we Azerbaýjan, halkara jemgyýetçiliginiň ýowuzlygy azaltmak barada çagyryşlary etmegine getiren, iki gün dowam eden serhet çaknyşyklaryndan soň, 14-nji iýulda gahar-gazaply bolmagynda galdy.

Günorta Kawkaz sebitindäki iki goňşy ýurt özleriniň durnuksyz serhet ýakasynda nobatdaky uçguny başlatmakda biri-birini aýyplaýar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 12-nji iýulda çaknyşyklar başlany bäri dört esgeriniň öldürilendigini we başga-da bäş sanysynyň ýaralanandygyny aýtdy. Bu aralykda, Ermenistanyň Goranmak ministrligi çaknyşyklarda üç esgeriniň we iki polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny mälim etdi.

Iki ýurduň serhetleriniň demirgazyk sebitinde ýerleşýän Tawuş obasynyň golaýynda bolan çaknyşyklarda taraplaryň artilleriýa toplaryny, minomýotlary we tanklary ulanandygy habar berilýär.

Iki goňşy ýurduň arasynda Azerbaýjandan bölünip aýrylan Daglyk-Garabag regionynyň üstünde ençeme ýyl bäri gapma-garşylyklar saklanýar.

Ýöne 12-nji iýulda bolan çaknyşyk Daglyk-Garabagdan uzakda bolup, beýle ýagdaý iki ýurduň arasynda seýrek ýüze çykýar.

Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Ştatlar we Russiýa 13-nji iýulda aýry-aýry ýaýradan beýanatlarynda Azerbaýjany we Ermenistany saklanmaga çagyrdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG