Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da koronawirus köpelen mahaly, Kaliforniýa COVID-19 çäklendirmelerini gaýtadan güýje girizdi


ABŞ-nyň Kaliforniýa ştaty.

ABŞ-nyň iň köp ilatly ştaty Kaliforniýa koronawirus bilen kesellän adamlaryň sanynyň we olaryň hassahana ýerleşdirilmegi bilen bagly artýan wakalaryň öňüni almaga synanyşýan mahaly, 13-nji iýulda gaýtadan açmak baradaky kararyny ýatyrýandygyny yglan etdi.

ABŞ-da 135000-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan bu wirus, hususan-da Günorta we Günbatarda köpelmegini dowam etdirýär. Bu sebitde köp ştat maý aýynda çäklendirmeleri ýatyryp başlapdy.

Kaliforniýanyň gubernatory Gawin Nýusomyň (Gavin Newsom) buýrugy Birleşen Ştatlaryň ykdysady hereketlendirijisini çalt täzeden açjakdygy baradaky umytlara urgy boldy. Bu waka soňky bäş günüň dowamynda tutuş ýurt boýunça täze koronawirus ýokuşan adamlaryň günlük sany ortaça 62000-den geçen mahalyna gabat geldi.

Kaliforniýada gaýtadan açmak baradaky kararyň ýatyrylmagy Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSGG) köp ýurduň pandemiýa garşy nädogry gaýtawul berendigini aýdyp, ýakyn wagtda adaty durmuşa gaýdyp gelinmejekdigini duýduran gününe gabat geldi.

Johns Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, dünýäde COVID-19 ýokuşan adamlaryň sany 13 milliondan aşdy we bu wirusdan 573000-den gowrak adam öldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň saglyk edarasy adamlar fiziki aralygy saklamak, el ýuwmak we maska geýmek ýaly esasy düzgünleri berjaý etmese, pandemiýanyň geriminiň has-da erbetleşjekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG