Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tähran CIA-iň “eýranly içalysynyň” jezalandyrylandygyny aýdýar


Eýranyň kazyýet ulgamynyň metbugat wekili Golamhossein Esmaili.

Eýranyň kazyýet ulgamy ýurduň Goranmak ministrliginiň öňki işgäriniň ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugyna (CIA) maglumat satmakda aýyplanyp, höküm edilendigini aýdýar.

Kazyýet ulgamynyň metbugat wekili Golamhossein Esmaili 14-nji iýulda beren maglumatynda Reza Asgariniň Goranmak ministrliginde işlän soňky ýyllarynda Merkezi aňtaw gullugy bilen aragatnaşyk saklandygyny we Eýranyň raketa programmasy barada maglumat satandygyny aýtdy.

Esmaili Asgariniň geçen hepde jezalandyrylandygyny belläp, onuň Goranmak ministrliginiň howa giňişligi bölüminde işländigini we dört ýyl ozal pensiýa çykandygyny hem aýtdy.

Şeýle-de, Esmaili ABŞ we Ysraýyl üçin içalyçylyk etmekde aýyplanýan eýranly Mahmud Musawi-Majdyň ölüm jezasynyň heniz ýerine ýetirilmändigini mälim etdi.

Eýranyň häkimiýetleri Musawi-Majdiň ýanwar aýynda ABŞ-nyň Yrakdaky howa zarbasynda öldürilen ýokary derejeli harby komandir Kassem Soleýmaniniň nirededigi barada maglumat berendigini aýtdy.

Geçen aý Eýranyň kazyýet ulgamy ýurduň Ýokary Kazyýetiniň Musawi-Majdiň ölüm jezasyny öz güýjünde saklandygyny we onuň "ýakyn wagtda" ýerine ýetiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG