Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Hytaýa garşy sanksiýalary göz öňünde tutýan kanuna gol goýdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Pekiniň Hong Konguň awtonomiýasyna goşulmagyna jogap edip, Hytaýa garşy sanksiýalaryň girizilmegini göz öňünde tutýan karara gol goýdy.

14-nji iýulda Ak Tamda geçirilen metbugat ýygnagynda Tramp Hong Kong bilen alnyp barlan artykmaçlyk söwda gatnaşyklarynyň togtadylýandygyny mälim etdi.

“Hong Konga indi Hytaý ýaly çemeleşiler. Aýratyn artykmaçlyklar, ýörite ykdysady gatnaşyklar we möhüm tehnologiýalaryň eksporty bolmaz” diýip, Tramp aýtdy.

Tramp Hong Konguň Awtonomiýa Aktyna hem gol goýandygyny aýtdy. Oňa laýyklykda, Hong Kongkda Pekiniň täze howpsuzlyk kanunynyň ornaşdyrylmagyna ilteşigi bolan hytaý resmilerine we hong kong polisiýa işgärlerine garşy sanksiýalaryň girizilmegine ygtyýar berilýär.

Pekin, Günbatar ýurtlarynyň duýduryşlaryna garamazdan, Hong Kongda jedelli täze howpsuzlyk kanunyny girizdi.

XS
SM
MD
LG