Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gysga wagtlyk köşeşmeden soň, ermeni-azerbaýjan serhedindäki söweş gaýtadan gyzýar


Ermenistan. Ruhany Ter Abel eremi-azerbýajan serhedindäki Mowses obasynyň eteginde parahatçylyk üçin doga edýär. 15-nji iýul, 2020.

Arakesmeden öň ermeni we azerbaýjan güýçleriniň arasynda üç gün dowam eden söweşde azyndan 15 esger heläk boldy.

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky serhetde başlan söweş gysga wagtlyk köşeşmeden soň 16-njy iýulda täzeden başlandy we iki tarap hem biri-birini öň hatarlardaky pozisiýalara hüjüm etmekde we obalary topa tutmakda günäkärleýär.

Ermeni goşuny demirgazyk-gündogardaky Tawuş etrabynda ýerleşýän serhet postlaryna daň atmazdan öň edilen azerbaýjan hüjümini yzyna serpikdirendigini öňe sürdi.

"Duşman gazaply ýaragly çaknyşykdan soň yzyna serpikdirildi we ýitgi çekdi" diýip, Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanian aýtdy. Ol azerbaýjan güýçleriniň ermeni serhedindäki iki obany minomýot we top oklaryna tutandygyny hem sözüne goşdy.

"Atyşyk häzirki wagtda dowam edýär" diýip, Stepanian irden Facebookda ýazdy. "Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň bölümleri Azerbaýjan prowokasiýalaryny zyýansyzlandyrýar” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de Stepanian 16-njy iýulda Facebookda çap eden beýanatynda ermeni güýçleriniň bir azerbaýjan tankyny ýok edendigini, ermeni şäherçelerini we pozisiýalaryny oka tutýan artilleriýa we minomýot nokatlaryna hüjüm edendigini öňe sürdi.

Ol serhediň azerbaýjan tarapy ýaly görünýän depäniň aňyrsyndan çykýan gara tüssäni görkezýän gysga wideony hem çap etdi.

Stepanian Ermenistanyň Goranmak ministri Dawit Tonoýanyň soňky ýagdaýlardan habardar etmek üçin ÝHHG missiýasynyň başlygyna, Dagly-Garabag konflikt zonasyndaky atyşygyň bes edilmegine gözegçilik edýän Andrzej Kasprzige jaň edendigini hem gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Tonoýan Kasprzige Azerbaýjan tarapynyň “köp ýitgi çekendigini” aýtdy.

Resminiň tassyklamagyna görä, durnuksyz serhet bölüminde ýerli wagt bilen ir sagat 9-a hiç bir ermeni esgeri öldürilmedi.

Tawuşyň gubernatory Haýk Çobanian şol aralykda Azatlyk radiosynyň Ermeni gullugy bilen söhbetdeş bolup, diňe bir ýerli obalaryň däl, eýsem Berd şäheriniň hem azerbaýjan okunyň astyna düşendigini aýtdy.

Ol ýaşaýjylaryň hiç biriniň ýaralanmandygyny, ýöne atyşygyň ýaşaýyş jaýlaryna we infrastruktura zyýan ýetirendigini aýtdy.

"Ýaşaýjylar ýerzeminlerde we gaçybatalgalarda gizlenýärler, olaryň jany howp astynda däl” diýip, Çobanian aýtdy.

"Ewakuasiýa zerurlygy ýok. ... men bu ýagdaý uzak dowam etmez diýip umyt edýärin" diýip, häkim sözüniň üstüni ýetirdi.

Şu aralykda, Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni güýçlerini Tawuş bilen serhetleşýän Towuz etrabynda azerbaýjan obalaryny oka tutmakda aýyplady. Bu barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Sebitde täzeden tutaşan söweş bir günlük arakesmeden soň başlanyp, halkara jemgyýetçiliginde uly alada döretdi. Arakesmeden öň ermeni we azerbaýjan güýçleriniň arasynda üç gün dowam eden söweşde azyndan 15 esger heläk boldy.

16-njy iýuldaky gyzyşmadan öň ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklary bolan ABŞ, rus we fransuz araçylary söweşiň köşeşmegini gutladylar we taraplary "onuň gyzmagyna ýol bermezlik üçin ähli tagallany etmäge" çagyrdylar.

"Bilelikdäki başlyklar Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň Dagly-Garabag şäherçesiniň möhüm taraplary barada gysga wagtda gepleşikler geçirmek baradaky tassyklamasyny gutladylar we ÝHHG gözegçileriniň ýagdaý dörän badyna sebite gaýdyp gelmeginiň möhümdigini aýtdylar” diýip, 15-nji iýulda giçlik çap edilen beýanatda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG