Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakerler Geýtsiň, Maskyň we Obamanyň twitter hasaplaryny döwdüler


Ilon Musk, Bill Geýts, Jeff Bezos
Ilon Musk, Bill Geýts, Jeff Bezos

Hakerler Microsofty esaslandyryjy Bill Geýtsiň, Teslanyň baş direktory we “SpaceXiň” esaslandyryjysy Ilon Muskyň, rapçi Kanýe Westiň, ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obamanyň, syýasatçylar Jo Baýdeniň we Maýkl Blumbergiň, “Amazonyň” esaslandyryjysy Jeff Bezos ýaly onlarça adamyň twitter hasaplaryny döwdi.

Şeýle-de, “Apple” we “Uber” kompaniýalarynyň, kriptowalýuta biržalarynyň we neşirleriniň resmi hasaplaryna hüjüm edildi.

Hasaplarda şol bir ýazgylar, belli bir gapjyklara bitkoinleri ibermek çagyryşy peýda boldy we olara derek kriptografik walýutada iki esse köp serişde ibermek wada berildi.

Tiz wagtdan bu ýazgylar öçürildi, ýöne soňra gaýtadan peýda boldy diýip, “The Verge” neşiri ýazýar. Neşiriň redaktory Tom Warreniň ýazmagyna görä, kezzaplar 104 müň dollardan gowrak pul gazandylar.

Hakerleriň bu hasaplara nädip girip bilendigi entek belli däl.

Twitter kompaniýasynda bu meseläni bilýändiklerini we ony düzetmek üçin işleýändiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG