Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ Soleýmani barada maglumat bermekde günälenen adamy jezalandyrdy


Mahmud Musawi-Majd
Mahmud Musawi-Majd

Eýranyň sudy ABŞ-nyň Yrakda pilotsyz uçardan öldürilen Rewolýusion Gwardiýasynyň serkerdesi barada Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Ysraýyla maglumat bermekde günäkärlenen adamy jezalandyrandygyny aýtdy.

"Mahmud Musawi-Majd babatynda içalyçylyk aýyplamasy esasyndaky höküm duşenbe güni ýerine ýetirildi, onuň öz ýurduna dönüklik etmek işi hemişelik ýapylar", diýlip, Eýranyň sud sistemasynyň Mizan onlaýn web sahypasynda 20-nji iýulda habar berildi.

Eýranyň resmileriniň iýun aýynda aýtmagyna görä, Majd ýanwar aýynda Bagdadyň golaýynda ABŞ-nyň howa hüjüminde ölen Yslam Rewolýusiýa Goragçylary Korpusynyň (IRGC) saýlama Kuds güýçleriniň serkerdesi Kasem Soleýmanyň nirededigi barada maglumat beripdir.

Sud geçen aý Musawi-Majdiň ölüm jezasynyň Ýokary sud tarapyndan tassyklanandygyny we "ýakyn wagtda" amala aşyryljakdygyny aýdypdy.

Soleimaniniň öldürilmegi sebäpli ar almak üçin Eýran 3-nji ýanwarda daňdan Yragyň howa bazasyna ballistik-raketalardan zarba urdy we 110-a golaý ABŞ harbysyna ejir çekdirdi. Şonda birnäçe sagatdan soň Eýranyň güýçleri Tährandan uçan ukrain ýolagçy uçaryny tötänleýin atyp, bortdaky 176 adamyň hemmesini öldürdi.

Eýranyň resmileri Musawi-Majdiň işiniň Eýranyň 2019-njy ýylyň tomsunda ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynda (CIA) işleýän 17 içalyny tussag edendigi baradaky habary bilen baglanyşyklymy ýa-da ýokdugyny mälim etmediler. Olardan käbirleriniň ölüm jezasyna höküm edilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG