Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýanyň Saglyk ministrligi ýokary gatlaga synag COVID-19 waksinasynyň berlendigini ret edýär


Gorag eşikli saglyk işgäri Moswada ýerleşýän bir saglyk öýünde bir aýaldan barlag üçin suwaklyk alýar. 16-njy iýul, 2020 ý. Moskwa

Bloomberg neşiriniň Russiýada syýasy we işewür ýokary gatlaga COVID-19-a garşy synag sanjymyny ulanmaga ir ygtyýar berlendigi baradaky habaryny Russiýanyň saglyk ministrligi ret etdi.

Bloomberg 19-njy iýulda Moskwada ýerleşýän Gamaleýa epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça milli barlag merkeziniň sanjym taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyş bir anonim adamyň aprel aýyndan bäri birnäçe ýüz adamyň synag sanjymyny alandygy barada aýdan sözlerini getirdi. Habar agentligi öz habarçylarynyň sanjymy mugt alan käbir synaga gatnaşyjylar bilen hem gürrüňdeş bolandygyny habar berdi

Saglyk ministrligi Alekseý Kuznetsow 20-nji iýulda bu habary ret edip, sanjym synaglarynyň heniz tamamlanmandygyny aýtdy.

“Synag testlerinden soň, kanunçylyga laýyklykda, täze waksinany hasaba almak işleri başlanar. Häzirki wagtda, waksina raýatlaryň arasynda elýeterli edilmedi. Onuň kliniki barlaglardan daşgary ulanylmagy mümkin däl” diýip, Kuznetsow aýtdy.

Merkeziň direktory Aleksand Ginzbubrg 20-nji iýulda synag sanjymlarynyň kimdir birine öňünden elýeterli edilmeginden özüniň habarly däldigini aýtdy.

Bloomberg “Rusal” alýumin zawodynyň hem-de “Fosagro” himiýa kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna synag sanjymy bilen sanjym edilendigini aýtdy. Bu kompaniýalar kommnetariýa bermekden ýüz öwürdi.

Russiýanyň Maýa goýum gaznasynyň başlygy Kiril Dmitriýew RBK habar agentliginde 19-njy iýulda çap edilen interwýusynda özüniň hem-de öz maşgala agzalarynyň hem sanjym alandygyny aýtdy.

Dmitriýew geçen hepdäniň başynda waksina synaglarynyň üçünji tapgyrynyň 3-nji awgustda başlajakdygyna we onuň Russiýada, Saud Arabystanynda we Birleşen Arap Emirliklerinde müňlerçe adama beriljekdigine ynanýandygyny aýtdy we sanjymyň Russiýada sentýabr aýynda ýaýradylyp başlanjakdygyny sözüne goşdy.

Geçen hepde ABŞ, Kanada we Britaniýa Russiýanyň hökümeti tarapyndan goldanýan hakerleri özleriniň COVID-19 sanjymyny döretmekde alyp barýan işleriniň syrlaryny ogurlamakda aýyplady. Rus resmileri bu aýyplamalary ret etdi.

20-nji iýulda Russiýanyň saglyk edaralary ýurt boýunça koronawirus wakalarynyň 777,486 adama ýetendigini we 12,427 adamyň bu keselden aradan çykandygyny habar berdi. Russiýa kesele ýoluganlaryň sany boýunça dünýäde dördünji ýerde durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG