Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň COVID-19 waksinasy wada beriji netijeleri görkezýär


Dünýä boýunça COVID-19-a garşy mümkin waksinanyň 20-ä golaý görnüşi synaglardan geçirilýär.
Dünýä boýunça COVID-19-a garşy mümkin waksinanyň 20-ä golaý görnüşi synaglardan geçirilýär.

ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň we bu sebäpli heläk bolanlaryň sany artýar. Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň bir kärhanasy COVID-19-a garşy mümkin waksinanyň adamlarda soňky tapgyr synaglarynyň geçirilýändigini, şeýle-de mundan ozalky deslapky testleriniň oňaýly netije berendigini aýdýar.

ABŞ-da koronawirusdan 136 müň töweregi adam heläk bolup, wirusdan esasan ýurduň günbatar we günorta sebitleri ejir çekýärler. Birleşen Ştatlarda her gün wirusa ýoluganlaryň täze 60 müň ýagdaýy ýüze çykarylýar.

ABŞ-nyň biotehnologiýa Moderna kärhanasy COVID-19-a garşy waksinanyň howpsuzdygyny we onuň irki tapgyrlarynda 45 sagdyn meýletinçiniň üstünde geçirilen testleriniň immunitet reaksiýasyny berendigini aýtdy.

ABŞ-nyň hökümeti Modernanyň waksinasyny goldaýar. Waksina iýulyň aýagyna çenli synaglaryň üçünji tapgyrynyň çäklerinde 30 müň adama berler.

Dünýä boýunça COVID-19-a garşy mümkin waksinanyň 20-ä golaý görnüşi synaglardan geçirilýär.

ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli bilermeni Antony Fauçi (Anthony Fauci) şu ýylyň aýagynda ýa-da öňümizdäki ýylyň başlarynda iň azyndan bir waksinanyň işlenip düzüljekdigine “seresaplylyk bilen umyt bildirýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG