Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW “Gulag” taryhçysynyň ykbaly barada alada bildirdi


Ýuriý Dmitriýew (sagda) 2019-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda Petrozawodskde geçirilen diňlenişikden öň polisiýa işgäri tarapyndan äkidilýär.

Human Rights Watch (HRW) guramasy rus taryhçysy we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist Ýuriý Dmitriýewiň perzentlige alan gyzyna jynsy hüjümi amala aşyrmak aýyplamalary boýunça sud işi soňuna golaýlaýan mahaly, onuň ykbaly barada alada bildirdi. Dmitriýew we onuň tarapdarlary bu aýyplamalary ret edýärler.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň 21-nji iýulda ýaýradan beýanatynda Dmitriýewiň garşysyna gozgalan “jenaýat aýyplamalary bilen ilteşikli ýagdaýlar olaryň ýalandygyny we onuň adam hukuklary ugrundaky işi üçin nyşana alnandygyny ynamly görkezýär” diýilýär.

7-nji iýulda prokurorlar Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Karelia regionynyň sudundan Dmitriýewi 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi soradylar. Bu baradaky kararyň we hökümiň 22-nji iýulda yglan edilmegine garaşylýar.

“Çagalara zulum etmek baradaky aýyplamalara, günäkärlenýänleriň degişli hukuklaryny goramak bilen bir hatarda, hemişe çynlakaý çemeleşilmelidir” diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa müdiri Hugh Williamson aýtdy.

“Biz sud diňlenişiginiň dowamynda häkimiýetleriň çagany goramak baradaky gaty laýyk çärelerden adam hukuklaryny goraýjynyň abraýyny gaçyryp, onuň kazyýet jogapkärçiligine çekilmegi üçin hyýanatçylykly peýdalanmagyndan alada edýäris” diýip, ol belledi.

2016-njy ýylda häkimiýetler Dmitriýewiň kompýuterinde tapylan we onuň perzentlige alan gyzyna degişli suratlara esaslanyp, ony çaga pornografiýasynda aýyplap tussag etdiler.

XS
SM
MD
LG