Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Daniýada “Demirgazyk Akym 2” geçirijisini maslahat eder


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) 22-nji iýulda Kopengagende Daniýanyň premýer-ministri Mette Frederiksen bilen duşuşanda “Demirgazyk Akym 2” gaz geçirijisini maslahat eder.

Russiýanyň tamamlamagy göz öňünde tutýan bu geçiriji arkaly gazy Baltik deňziniň düýbi bilen Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Geçirijiniň bir bölegi Daniýanyň ykdysady suwlarynyň düýbünden geçmeli.

Geçen hepde Pompeo kompaniýalary geçirijini tamamlamak boýunça Russiýa hemaýat bermekden saklanmaga çagyrdy. ABŞ bu geçirijiniň netijesinde Kremliň Ýewropa energiýa bazaryndaky täsiriniň artýandygyny, şeýle-de özüniň gündogar sebitlerinde Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen söweşýän Ukrainany jezalandyrýandygyny aýdyp, bu proýekte garşy çykýar.

Geçen dekabrda, ABŞ-nyň sanksiýalaryndan soň, ýewropa gämileri geçirijini çekmek işlerini togtatdylar.

Russiýa proýekti öz gämileri bilen tamamlamagy göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG