Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Azerbaýjany serhetde täze hüjüm synanyşygynda aýyplaýar


Ermeni esgerleri. Tawuş regiony, 14-nji iýul, 2020.
Ermeni esgerleri. Tawuş regiony, 14-nji iýul, 2020.

"Bu ýerde täze hüjüm bolmady, pidalar barada-ha asla gürrüň ýok" diýip, Ministrligiň metbugat sekretary Wagif Dargahli aýtdy.

Ermenistan Azerbaýjany serhetde täze hüjüm guramakda aýyplaýar

Ermeni goşuny Azerbaýjan güýçlerini geçen hepde serhetde ganly söweşleriň bolan ýerleriniň birine, öz pozisiýlaryna ýene bir gezek hüjüm etmekde aýyplaýar.

Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanian 21-nji iýulda giçlik Azerbaýjanyň harby güýçleriniň Tawuş sebitinde ýerleşdirilen ermeni goşunlary tarapyndan yza serpikdirilende agyr ýitgi çekendigini aýtdy. Şeýle-de ol anyklaşdyrmazdan, başa barmadyk çozuş netijesinde, azeri esgerleriniň käbiriniň "duzaga düşendigini” aýtdy.

Stepanian Facebook sahypasynda “ermeni güýçleri hiç bir zyýan çekmedi” diýip ýazdy.

Azerbýajanyň Goranmak ministrligi bu aýdylýanlary ret etdi.

"Bu ýerde täze hüjüm bolmady, pidalar barada-ha asla gürrüň ýok" diýip, Ministrligiň metbugat sekretary Wagif Dargahli aýtdy. "Ermeni tarapynyň bu habary ýene bir dezinformasiýa bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Dargahli Azerbaýjanyň günbataryndaky Tawuş bilen Towuz etrabynyň arasyndaky serhetdäki ýagdaýyň biraz öň "dartgynly, ýöne durnukly" bolandygyny aýtdy.

Goňşy ýurtlaryň arasynda 12-nji iýulda turan söweş birnäçe gün dowam eden zorlukdan soň köşeşdi.

Ermeni goşuny twitterde täze söweşiň 21-nji iýulda, agşam sagat 10:30-da, Azerbaýjanyň ýörite güýçleri Anwakh atly posta hüjüm etmäge synanyşanda başlandygyny, ýöne olaryň "şowsuzlyga uçrap, ýitgi çekip, yzlaryna gaçandygyny” aýtdy.

12-nji iýulda durnuksyz serhet böleginde turan söweşden soň, iki tarap hem bir-birini daglyk ýerdäki front liniýalaryny eýelemek synanyşygynda aýyplady. Top we minomýot atşyklary bilen gyzan söweş 16-njy iýulda köşeşýänçä, iki tarapyň çaknyşyklary wagtynda azyndan 12 azerbaýjan esgeri, şol sanda general we dört ermeni esgeri öldi.

Stepananyň sözlerine görä, Azerbaýjanyň ýörite güýçleri giç agşam ermeni goşunynyň baýryň depesindäki berkitmesini, 16-njy iýulda irden zabt edip bilmedik postuny nyşana aldy.

“Irden 12:47-de ol ýerde atyşyk bolmasa-da, muňa garamazdan, Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçylarynyň bu ýagdaýa gözegçilik etmeýändigini aýtmalydyryn” diýip, ermeni resmisi 22-nji iýul güni irden başga bir feýsbuk beýanatynda aýtdy.

Orsýet soňky döwürde Ermenistan bilen Azerbaýjanyň, dawaly Dagly-Garabag sebitinde bir-birine duşman bolup durýan iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanmagyna alada bildirdi.

Halkara jemgyýetçiligi Dagly-Garabag konfliktiniň soňky ýyllardaky iň erbet möwjemegine çynlakaý alada bildirdi.

Ermenistan we Azerbaýjan 1980-nji ýyllaryň ahyrynda we 1990-njy ýyllaryň başynda, Sowet Soýuzynyň dargaýan döwründe, garaşsyz ýurtlara öwrülmek bilen, sebitde özara söweş alyp bardy. Bu söweşler netijesinde 30,000 töweregi adam öldürildi.

Dagly-Garabag halkara derejesinde aglaba köplügi musulman Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýär, ýöne hristian ermeni separatistleri tarapyndan dolandyrylýar.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) geçen hepde beýanat çap edip, taraplary parahatçylyk gepleşiklerini täzeden başlamaga çagyrdy. Waşington-da, Moskwa hem bu ýurtlary zorlugy haýal etmän bes etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG