Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sentýabrda dünýä liderleri BMG-niň Baş Assambleýasyna wideo çykyşlaryny ugradarlar, özleri barmazlar


BMG-niň Baş Assambleýasy
BMG-niň Baş Assambleýasy

Koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä liderleri bu ýyl sentýabrda Birleşen Milletleri Guramasynyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka barmazlar.

22-nji iýulda 193 agzaly Baş Assambleýanyň alan kararyna görä, dünýä bileleşigi 75 ýyllygyny belleýän mahaly dünýä liderleri BMG-da fiziki duşuşygyň ýerine wideolaryny ibererler.

“Her agza döwlet, synçy döwlet we Ýewropa Bileleşigi döwlet baştutanynyň, wise-prezidentiň, täç geýen şazadanyň ýa-da şa gyzynyň, hökümet baştutanynyň, ministriň ýa-da wise-prezidentiň öňünden düşürilen wideolaryny iberip bilerler. Olaryň ýygnaga fiziki gatnaşýan hemişelik wekilleriniň tanyşdyryşyndan soň, wideolar Baş Assambleýanyň zalynda eşitdiriler” diýip, kararda aýdylýar.

Ýygnanyşyklarda wirusyň ýaýramak töwekgelçiligi we syýahat çäklendirmeleri sebäpli, Baş Assambleýanyň prezidenti Tijjani Muhammad-Bande döwletlere iberen hatynda “BMG binasynda adam sanyny çäklenirmek üçin ýygnaklaryň gapdalyndan geçirilýän ähli çäreleriň wirual platformalarda geçirilmegini maslahat berýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG