Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Hytaýyň konsulhanasyny ýapmagy buýurmagyndan soň, dartgynlylyk artýar


Hytaýyň Hýustondaky konsulhanasy
Hytaýyň Hýustondaky konsulhanasy

Döwlet departamenti Pekine Hýuston konsulhanasyny içalyçylyk aýyplamalary sebäpli ýapmak üçin 72 sagat berenden soň, prezident Donald Tramp Hytaýyň ABŞ-daky has köp konsulhanasynyň ýapylmagyny buýurmagynyň “elmydama mümkindigini” aýtdy.

Döwlet departamenti 22-nji iýulda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy bilen amerikalylaryň intellektual eýeçiligini we şahsy maglumatlaryny “goramak üçin” Hytaýyň Hýustondaky konsulhanasyny ýapmagy buýruk berýändigini aýtdy.

Dünýäniň iň uly iki ykdysadyýetiniň arasyndaky gatnaşyklar Hytaýyň koronawirus pandemiýasyna çemeleşişi, Hong Kongda hukuklaryň we azatlyklaryň bozulmagy, söwda dawalary hem-de Pekiniň Günorta Hytaý deňzi bilen bagly jedelli talaplary sebäpli dartgynlaşdy.

Hytaýyň Sinszýanda 1 milliondan gowrak uýgur musulmanyny we beýleki toparlary toplan türmelerinde we lagerlerinde adam hukuklarynyň depelenmegi baradaky habarlar boýunça Waşington Hytaýa edýän basyşyny güýçlendirýär.

“Biz häzirki wagtda Hytaý-ABŞ gatnaşyklarynyň artýan dawalardan ejir çekýändigini görýäris” diýip, döwlet sekretarynyň orunbasary Stephen Biegun 22-nji iýulda kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy. “Biz Hytaýda möhüm bir meselä garşy durýarys” diýip, ol belledi.

Pekin konsulhananyň ýapylmagyny “görlüp-eşidilmedik eskalasiýa” atlandyrdy we Waşington bu karardan el çekmese, ar aljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG