Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürt asylly eýran ýazyjysy Behruz Buçani Täze Zelandiýadan bosgunlyk aldy


Behruz Buçani Manus adasynda saklanylýan tussaglar bilen.
Behruz Buçani Manus adasynda saklanylýan tussaglar bilen.

Kürt asylly eýran ýazyjysy, alty ýyl bäri Awstraliýada bosgunlaryň deslapky tussaghanasynda saklanylýan Behruz Buçani (Behrouz Boochani) ahyrynda Täze Zelandiýada bosgun statusyna eýe boldy.

"Täze Zelandiýa Herald" gazetiniň 24-nji iýulda beren habaryna görä, immigrasiýa gullugy baýraga mynasyp bolan ýazyjynyň bosgun durumyny alandygyny tassyk etdi.

2013-nji ýylda yzarlamalar sebäpli Eýrandan gaçan žurnalist noýabr aýynda Täze Zelandiýada edebiýat festiwalyna gatnaşandan soň, bu ýurtdan bosgunlyk sorap, arza berdi.

Buçani 2019-njy ýylda Manus adasyndaky türmede ýazan başdan geçirmeleri, “Dost ýok, diňe daglar bar” atly eseri üçin Awstraliýanyň iň abraýly edebiýat sylagyna, Wiktoriýa baýragyna mynasyp boldy.

Buçani bu eserde Eýrandan gaçyp, Indoneziýadan gaýykly Awstraliýanyň Kristmas adasyna gelşini we Awstraliýanyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edilip, Papua New Gwineýanyň Manus adasynda tussaglykda saklanyşyny jikme-jik gürrüň berýär.

Ol özüniň 374 sahypalyk kitabyny telefonda, WhatsApp tilsimini ulanyp ýazdy we gysgajyk maglumat görnüşinde ýüzlerçe bölege bölüp, az-azdan Awstraliýadaky terjimeçilere we redaktorlara iberdi.

XS
SM
MD
LG