Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeniler bilen azerbaýjanlylar Moskwada çaknyşdy


Internetde ýerleşdirilen höwesjeň wideoda birnäçe adamyň ermeni belgili awtoulagy döwşi we onuň sürüjisini ýenjişi görkezildi.
Internetde ýerleşdirilen höwesjeň wideoda birnäçe adamyň ermeni belgili awtoulagy döwşi we onuň sürüjisini ýenjişi görkezildi.


Iki kawkaz döwletiniň arasynda golaýda bolan serhetaşa çaknyşyklardan soň, azerbaýjanlylar we ermeniler Moskwada özara söweşe girip, bidüzgünçilige ýüz urdular.

Moskwa polisiýasy 25-nji iýulda söweşe we bidüzgünçiliklere gatnaşmakda aýyplap 30-dan gowrak adamy tussag edendigini aýtdy.

Sankt-Peterburg polisiýasy bolsa, azerbaýjan we ermeni jemgyýetleriniň agzalarynyň arasynda ýüze çykan çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen, 25-nji iýulda onlarça adamy tussag etdi.

Zorlukly wakalar 24-nji iýul güni irden, azerbaýjan toparlary Moskwada ermenileri ýenjip, yzyndan ermeni dükanlaryna hüjüm edenlerinde başlandy.

Internetde ýerleşdirilen höwesjeň wideoda birnäçe adamyň ermeni belgili awtoulagy döwşi we onuň sürüjisini ýenjişi görkezildi.

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy 24-nji iýulda hukuk goraýjy edaralaryň habaryna salgylanyp, azerbaýjanlylaryň bir toparynyň Moskwanyň Salaryýewo etrabynda ermenilere degişli gurluşyk materiallaryny satýan dükana hüjüm edendigini aýtdy.

Şol gün ýedi sany ermeni Bratislawa köçesindäki azerbaýjan restoranyna hüjüm etdi.

Soňra ermeniler we azerbaýjanlylar özara söweşe girip, bir-birleriniň rus paýtagtyndaky dükanlaryna we restoranlaryna hüjüm etdiler.

Ermeni we azerbaýjan diplomatlarynyň, beýleki resmileriň saklanmak baradaky çagyryşlaryň hiç hili täsiri bolman, dawa-jenjeller dowam etdi.

Orsýetdäki Ermeniler bileleşigi ýurduň Federal howpsuzlyk gullugynyň, KGB-niň mirasdüşeriniň işgärleriniň 24-nji iýulda ermeni jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirip, bu ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşandygyny we zorlugy öjükdirijileri jezalandyrmagy wada berendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG