Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Hytaý bilen dartgynlylygyň arasynda Çendudaky konsullygyny ýapýar


Hytaýyň Hýustondaky ilçihanasynyň binasynda, 24-nji iýul, 2020

ABŞ Çengdudaky öz konsullygyny Hýustondaky konsullygyny ýapan Hytaýyň eden talabyndan soň ýapdy.

Hytaýyň döwlet telewideniýesi, Çendu konsullygynda Amerikan baýdagynyň irden düşürilişiniň wideosyny görkezdi, bu aralykda konsullygyň işgärleri özlerine berlen wagt möhleti gutarmanka binany terk etmäge synanyşýardylar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti diplomatik edarasynyň öz işini togtatandygyny, Hytaýyň günorta-günbataryndaky konsullygyň “35 ýylyň dowamynda Günbatar Hytaýdaky adamlar, şol sanda Tibet bilen aragatnaşyklaryň merkezi bolandygyny” aýtdy.

Dynç günlerinde ýerli ýaşaýjylar binanyň daşynda ýygnanyp, köpüsi Hytaýyň baýdaklaryny galdyryp, öz telefonlaryna selfi alýardylar.

24-nji iýulda hytaýly diplomatlar ABŞ-nyň Pekinden eden talabyndan soň Hytaýyň Hýustondaky ilçihnasyny terk etdiler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Hytaýy diplomatik edarasyny içalyçylykda we intellektual emlägi ogurlamakda aýyplady.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Çendudaky konsullygyny ýapmagyň "ABŞ-nyň esassyz çärelerine kanuny we zerur jogap" bolandygyny aýtdy. Waşington bilen Pekiniň arasyndaky dartgynlylyk, konsullyklaryň ýapylmagy bilen hasam erbetleşdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG