Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda adamlar ýaby etinden, itiň çorbasyndan derman gözleýärler


Oş bazary

Koronawirus epidemiýasynyň ýitileşmegi bilen gyrgyzystanlylar her hili azyk iýmitinden haraý gözläp başladylar. Käbirleri «öýkendäki keseli bejerýärmiş» diýip, it etini iýýärler, başgalar «immuniteti ýokary kadada saklaýar» diýip, baýtal süýdüni içmek üçin ýaýla gidýär.

At-Başy raýonynda soňky wagtlarda ýabylary köp soýup başladylar. Ilat arasynda, «at etini iýip, çorbasyny içseň, organizme koronawirusa garşy göreşmäge ýardam berýärmiş» diýen maglumat ýarapdyr.

Köp gyrgyzystanlylar ýaýla gidip, baýtal süýdüni içip, organizmini arassalamak isleýärler.

At-Başy raýonynyň ýaşaýjysy Azamat Kurmanbaýewiň aýtmagyna görä, geçen ýyla garanda, bu ýyl baýtallary köp sagmaly bolupdyr.

Ýaýlada
Ýaýlada

«Biziň Arpa hem Ak-Saý atly ýaýlalarymyz bar, her ýyl tomus ol ýere belli çäkdäki adamlar barardy. Baýtallary beýle köp sagyp durmazdylar, onuň süýdüni taýçanagyna goýup, güýz düşýänçä ýetişsin diýýärdiler, bu ýyl bolsa olary köp sagýarlar. Şäherden gymyz iýmäge gelýänler köpeldi. Eger ýaýlada öň bir maldaryň maşgalasy ýaşýan bolsa, indi onuň öýüniň ýanyndan ýene 10 gara öý tutulýar. Mundan daşary-da, ýabylary köp soýýarlar, at etine isleg ýokary. At etiniň kilosy 300-350 somdan durýar. Köpleriň aýtmagyna görä, at eti bilen gymyz kesellemezlige peýda edýärmiş. Biz maşgalamyz bilen ýylda 15 gün ýaýla gidip, dem-dynç alýarys hem baýtal süýdüni içýäris» diýip, gürrüňdeşimiz Azamat Kurmanbaýew aýdýar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, baýtal süýdi bilen gymyzda C witaminiň köpdügi ylmy taýdan subut edilipdir. Mundan daşary-da, açyk howada dem-dynç almak, ýaýladaky ümsümlik adam saglygyna örän peýdaly saýylýar.

Dietolog Baktygül Imankulowa gymyz içmegiň peýdalydygyna ünsi çekýär.

– Köpler daglara gidip, gymyz içýärler, şeýle etmek bilen olar wirusyň ýokuşmak mümkinçiligini azaldýarlar. Ikinjiden bolsa, arassa hem tämiz howa adam immunitetine oňaýly täsir edýär. Biz gazagystanly kärdeşlerimiz bilen «Dogry naharlanmak institutynda» gymyzyň peýdasy barada barlag işlerini geçirdik. Gymyz – janly haýwanlardan alynýan azyklarda C witamini bolan ýeke-täk önümdir. Gymyz adam saglygyny berkidýär. Ýöne yssy howada et iýmek maslahat berilmeýär, bu aşgazan üçin örän agyr bolýar. Eti ýylyň sowuk döwürlerinde iýmek peýdaly – diýip, bilermen aýdýar.

Birnäçe medisina işgärleri bolsa koronawirus epidemiýasy wagtynda, şäher ýaşaýjylaryna daglara gitmegi maslahat bermeýärler. Wraçlaryň aýtmagyna görä, gymyz hem at eti hroniki keseli bolanlara ýa-da infeksiýa ýoluganlara ýardam edip bilmez. Ikinji tarapdan, keselli adamy öý şertinden çykaryp uzak ýere alyp gitmek, ol agyr hala düşende gyssagly ýagdaýda keselhana aşyrmak kynçylygyny döredip biler.

Oba ýaşaýjylarynyň gymyza hem at etine höwesi ýokary wagtynda, Bişkek şäherindäki koreý naharhanalarynda, it etinden taýýarlanan nahara bolan isleg artypdyr.

Bişkek şäheriniň adyny aýtmak islemedik bir ýaşaýjysy gyzgyny artyp, başagyrysy ýokarlanan wagtynda, köp günläp düşekde ýatypdyr. Tanyşlarynyň maslahaty bilen ol şäherdäki koreý naharhanalarynyň birine it etnden taýýarlanan nahary buýrupdyr. Belli wagt geçenden soň ol özüni gowy duýup başlapdyr. Ýöne ol naharyňmy ýa-da wirusa garşy ulanan däri-dermanlaryň – haýsy biriniň kömek edendigini açyk aýdyp bilmedi.

«Dört günläp düşekden galmaga ýaramadym. Ysy hem naharyň tagamyny bilmedim. Gyzgynym örän ýokary boldy. Tiz kömegi çagyrdyk, olar maňa derman bellediler. Meniň goňşularym hem keselläpdi, olar maňa it etini iýendigini aýtdylar. Menem özüme koreý naharhanasyndan 189 somluk it etini sargadym. Ony iýenimden soň, güýçli derläp başladym. Et örän ýokumly eken. Ýöne şonuň bilen birlikde aýdylan dermanlary-da içdim. Olaryň haýsy biriniň kömek edendigini biljek däl. Häzir meniň ýagdaýym gowy. Dertden sagaldym» diýip, ol gürrüň berýär.

Gyrgyzystanda itleriň, pişikleriň hem beýleki ekzotiki jandarlaryň etini nahar üçin ulanmak kanun taýdan gadagan. Gyrgyzystanda ol jandarlaryň etiniň hilini hem arassalygyny kesgitleýän laboratoriýa ýok. Şonuň üçinem köçede gezip ýören it etini ulanmak şübhe döredýär.

Muňa garamazdan, häzir birnäçe adam koronawirus infeksiýasyndan gutulmak üçin, it etini ulanmak dogrumy diýen soragy berýärler. Bu barada dietolog Baktygül Imankulowa şulary aýtdy.

– Owal başda it etini inçekeseli bejermek üçin ulanypdyrlar, ýöne muny başga ugurlar bilen garjaşdyrmaly däl. Tuberkulýozy, ýagny inçekeseli dürli bakteriýa döredýär, COVID - 19 bolsa wirusdan emele gelýär. Şonuň üçin it eti koronawirusy bejermäge ýardam etmez. Ol örän güýçli, ony iýen adam hakykatdanam derläp başlaýar, şonuň üçinem oňa dermandyr diýip ynanýar. Yssy howada aşa güýçli zat iýmek maslahat berilmeýär, aslynda her bir adama ynanyp, dürli usullar bilen özüni bejermek nädogrudyr. Wirus döwründe köpräk suwuk zatlary ulanmaly, ol adam bedeninden wiruslaryň çykmagyna ýardam edýär.

Bilermenler immuniteti ýokarlandyrmak üçin, miwe hem gök önümleri iýmegi maslahat berýärler.

Şeýle hem köpler koronawirus ýoluganda hreniň ýenjilen köküni sarymsak hem limon bilen suwa garyp içmegi peýdaly saýýarlar. Arça pürüni hem dänesini gaýnadyp içmegiň peýdalydygyny aýdýanlar hem bar.

Gyrgyz-türk «Manas» uniwersitetiniň mikrobiologiýa mugallymy Ruslan Adil miwäni dogry peýdalanmagyň ugurlaryny aýdýar.

«Immuniteti kadada saklamak üçin, dogry naharlanmak gerek. Iýmit örän ýeňil bolmaly. Näme üçin adam immuniteti gyşda aşaklaýar? Sebäbi adam organizminde adaty göze görünmeýän stresler bolup geçýär. Biziň bedenimiz rahatlygy isleýär. Her bir pasyla laýyk naharlanmak gerek, häzir witaminlere baý bolan miweleriň hem gök önümleriň döwri. Men ony öz iýmitiňize köpräk goşmagy maslahat berýän. Ýarawsyzlyk wagtynda ýeňiljek çorba içmek peýdaly, sebäbi ol organizmde çalt özleşýär» diýip, bilermen aýdýar.

Soňky döwürde azyk iýmitinden daşary koronawirusyň bejergisi hökmünde gan aldyrmagy wagyz edýän wideolar ýaýrap başlady. Medisina işgärleri beýle bejerginiň wirusa täsiriniň ýokdugyny, «bu usulyň gaýta koronawirus näsagynyň ýagdaýyny has agyrlaşdyryp biljekdigini» duýdurýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG