Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suw joşmasyndan zyýan çeken Niçka obasynyň ýaşaýjylary wagtlaýyn çatmalarda ýaşaýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri iýun aýynda Garagum derýasynyň joşmagy netijesinde suw basan Niçka obasyna heniz hem ýardam ibermeýär. Obadaky onlarça hojalyk indi bir ýarym aý bäri wagtlaýyn dikilen çatmalarda ýaşaýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu sebitden habar berýär.

"Niçka obasynda 50-60 çemesi hojalygyň ýaşaýyş jaýy suwuň aşagynda galdy. Soňra-da çägä gömüldi. Bu waka iýun aýynyň birinji ongünlüginiň ahyrynda bolan bolsa-da, häkimiýetler tarapyndan heniz hem hiç hili kömek ýok" diýip, oba ýaşaýjylary bilen söhbetdeş bolan habarçy 27-nji iýulda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, 14-nji ýunda Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy birnäçe günde Garagum derýasynyň joşandygyny we Niçka obasynda onlarça ýaşaýyş jaýyny suw basyp, bir topar zaýaçylyga sebäp bolandygyny habar berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan oba ýaşaýjylary suw agyp gelende, zordan dokumentlerini alyp, obanyň beýik ýerlerine gaçyp ýetişendiklerini aýdyp, bu tebigy hadysadan uly zyýan çekendiklerini belleýärler.

"Başdaky günler has kyn boldy. Iýmäge, içmäge hiç zadymyz bolmady. Açyk meýdanda, çölde mör-möjekleriň arasynda, çägäň üstünde düşeksiz ýatmaly bolduk. Çagaly maşgalalar gijelerine gezekleşip, nobata durup, öz çagalaryny goramaly boldular" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan oba ýaşaýjylarynyň biri aýtdy.

Onuň sözüne görä, wakadan bir hepde geçensoň, "Zähmet" daýhan birleşiginiň suw edarasynyň işgärleri oba gelipdirler. Ýöne olar, ýaşaýjylaryň sözüne görä, "ýalan wadalary" berip yzlaryna gaýdypdyrlar.

"Ýerli häkimiýetler obanyň ýaşaýjylaryna plastikadan wagon görnüşinde bir otagly öýleri wagtlaýyn gurnap berjekdiklerini aýdypdylar. Ýöne bular hemişeki ýaly boş gürrüňler, ýalan wadalar boldy. Sebäbi şondan bäri häkimiýetler oba ilatynyň halyndan habar almady" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Habarçy häzirki wagtda öýsüz-öwzarsyz galan oba ýaşaýjylarynyň käbiriniň goňşy daýhan birleşiklerdäki dogan-garyndaşlarynyň öýünde, käbiriniň wagtlaýyn çatmalarda ýaşamaga mejbur bolýandygyny hem belledi.

"Hökümetden kömek bolmansoň, adamlar suw yzyna çekilenden soň, çägäniň aşagynda galan öýlerindäki öý goşlarynyň, demirleriň, gapylaryň we penjireleriň abatlaryny gazyp çykarýarlar. Olar "gyş ýetmänkä, güýzüň soňky aýlaryna çenli bir otagly öý gurnap ýetişsek bolýar" diýýärler. Adamlaryň ellerinde pul bolmansoň, olaryň köpüsi gözgyny ýagdaýda" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap we Mary welaýat häkimliklerinden, şeýle-de "Zähmet" daýhan birleşiginden kommentariý alyp bilmedi.

11-nji iýunda sosial mediada paýlaşylan gysgajyk wideoda suw basan obadaky ýykgynçylyk, ýeten zyýan gowy görnüp, oba ýaşaýjylarynyň aljyraňňy sesleri eşidilýärdi. Wideonyň aşagyndaky ýazgyda bu wakanyň Garametnyýaz we Niçka obalarynda bolandygy mälim edilipdi.

Soňky ýyllarda we aýlarda Türkmenistanyň ençeme sebitine sil suwlary geldi. Munuň netijesinde müňlerçe ýaşaýyş jaýyna we durmuş maksatly desgalara zeper ýetip, müňlerçe adam maddy zyýan çekdi.

Şu ýylyň 27-nji aprelinde ýurduň Lebap we Mary welaýatlaryna gelen apy-tupandan soň, sebitiň ençeme etrabyna sil suwlary geldi we jaýlary suw basdy. Ýüzlerçe ýaşaýyň jaýyna we durmuş maksatly desgalara zeper ýeten bu tebigy betbagtçylyklaryň dowamynda azyndan 37 adam ölüpdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda bolýan tebigy hadysalar, adam ýitgileri we maddy ýitgiler hakynda adatça dymyp, bu barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG