Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa COVID-19 bolmagy güman edilýän ilkinji ýagdaýdan soň öňüni alyş çärelerini güýçlendirýär


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Demirgazyk Koreýa köpçülik öňünde tassyklanan ilkinji COVID-19 hadysasy bolmakda güman edilýän ýagdaýa garşy göreşmek üçin serhetýaka Kaesong şäherini petikländen soň, 28-nji iýulda koronawirusa garşy has berk öňüni alyş çärelerini yglan etdi.

Demirgazyk Koreýanyň KCNA döwlet habar agentligi test esbaplary, gorag eşikleri we lukmançylyk enjamlary eltilýän mahaly, berk karantin çäreleriniň geçirilýändigini we etraplaryň barlanýandygyny aýtdy.

Wirusyň Günorta Koreýadan gaçyp, öz watanyna gaýdyp gelen demirgazyk koreýaly gaçakçyda güman edilýändigi öňe sürlenden soň, 26-njy iýulda lider Kom Jong UN ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Eger bu adama koronawirusyň ýokuşandygy barada diagnoz goýulsa, onda ol Demirgazyk Koreýanyň resmi taýdan tassyklanan ilkinji koronawirus hadysasy bolar. Şol bir wagtda, daşary ýurtlardaky ekspertleriň köpüsi wirusyň eýýäm ýurda ýaýrandygyna ynanýarlar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň 28-nji iýulda ýaýradan beýanatyna görä, Demirgazyk Koreýa 16-njy iýuldan bäri ýurtda 1211 adamda koronawirus testiniň geçirilendigini habar berdi. Hasabatda 696 adamyň karantin astynda saklanýandygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG