Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Irdenki reýdde bäş harby we söweşiji diýlip güman edilýän iki adam öldi


Illýustrasiýa suraty

Pakistanyň polisiýasy söweşijileriň ýurduň demirgazyk-günbataryndaky buky ýerlerine geçirilen reýdde Pakistanyň terrorçylyga garşy göreşýän bäş harbysynyň we söweşiji diýlip güman edilýän iki adamyň ölendigini habar berdi.

Polisiýanyň metbugat wekili Imtiaz Hanyň aýtmagyna görä, 28-nji iýulda irden Terrorçylyga garşy göreş bölüminiň (CTD) komandirleri Çilas etrabyndaky bir jaýa reýd geçirjek bolanda, olar bilen şübheli söweşijileriň arasynda bir sagatlap dowam eden ok atyşyk boldy. Bu etrap Owganystan bilen serhetleşýän Haýber Pahtunhwa welaýatynyň paýtagty Peşawardan 460 kilometr demirgazykda ýerleşýär.

Öldürilen iki söweşiji bilen birlikde, buky ýerde gizlenen ýaraglar we partlaýjy maddalar ele salyndy diýip, Han belledi.

Ok atyşygyň haýsy söweşiji toparyň agzalary bilen bolandygy häzirlikçe anyklaşdyrylmady. Sebitde “Pakistanyň Talyban” topary, ýagny “Tehreek-e-Talyban Pakistan” (TTP) topary işjeň hereket edýär.

BMG-niň geçen hepde ýaýradan hasabatynda goňşy Owganystanda 6000-den gowrak pakistanly söweşijiniň gizlenýändigi, olaryň köpüsiniň Owganystanda ýerleşýän Yslam döwleti (YD) topary bilen birleşen TTP toparynyň agzalarydygy aýdyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG