Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran harby türgenleşikde ýerasty ballistik raketalary atdy


Harby türgenleşikleriň çäginde ýerden hem raketalar atyldy.

Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy (YRSK) Hormuz bogazynda ABŞ-nyň galp awianosesini hem göz öňünde tutýan harby türgenleşikleriň çäginde ýerasty ballistik raketalary atdy. Mundan bir gün öň galp awianosese garşy wertolýotdan hem raketa atylypdy.

Döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň 29-njy iýulda beren maglumatyna görä, dronlar hem galp awianosesiň köprüsine hüjüm edipdirler. Emma telewideniýede bu hüjümleriň wideosy görkezilmedi, şeýle-de haýsy kysymly raketalaryň atylandygy aýdyňlaşdyrylmady.

ABŞ harbylary ballistik raketanyň atylmagyny äşgär edendiklerini we netijede ABŞ-nyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu Däbi şäherindäki Al-Dhafra harby howa bazasynyň we Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň Katardaky merkezi komandowaniýesi bolan Al-Udeid harby howa bazasynyň harby hüşgärlik ýagdaýyna geçirilendigini mälim etdiler. Bu aralykda, esgerler buky ýere geçirilipdir.

“Hadysa birnäçe minut dowam etdi. Howpuň aradan aýrylandygy yglan edileninden soňra ähli zat öňki durkuna getirildi” diýip, merkezi komandowaniýäniň sözçüsi aýtdy.

Iki baza hem Eýranyň galp awianosesi ýerleşdiren ýerinden ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýär.

2018-nji ýylda ABŞ 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykanyndan soňra, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlylyk hasam ýitileşip başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG