Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ resmileri Owganystandaky ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny gowy garşyladylar


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri “Talyban” toparynyň teklip eden we owgan hökümetiniň razylyk beren üç günläp atyşyklary bes etmek ylalaşygyny gowy garşyladylar. Bu uzak wagtlap yza süýşürilen owganara parahatçylyk gepleşikleriniň öňümizdäki hepde geçirilip bilinjekdigi baradaky umytlary artdyrdy.

“Talyban” we owgan hökümeti ok atyşyklary bes etmek barada 31-nji iýulda başlaýan musulmanlaryň Eid al-Adha, ýagny Gurbanlyk baýramy mynasybetli yglan etdiler.

Bu aralykda, ABŞ taraplaryň uzak wagtlap yza süýşürilen gepleşiklere başlamagy ugrunda tagalla edýär.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad parahatçylyk gepleşiklerini başlatmak ugrunda Pakistana, owgan paýtagtyna we “Talybanyň” syýasy edarasy bolan Katara sapar edýär.

“Biz ‘Talybanyň’ Eid mynasybetli ok atyşyklary bes etmek baradaky bildirişini we owgan hökümetiniň bu baradaky oňaýly beýanatyny gowy garşylaýarys” diýip, Halilzad 29-njy iýulda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Fewralda ABŞ bilen “Talyban” Owganystandaky 18 ýyllyk urşuň tamamlanmagyna ýol açjak jeňçiler bilen Kabulyň arasynda owganara parahatçylyk gepleşiklerini hem göz öňünde tutýan ylalaşygy baglaşdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG