Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa COVID-19: Gazagystan çäklendirmeleri 2 hepde möhlete uzaldýar


Gazak saglyk resmileriniň 29-njy iýulda beren maglumatyna görä, ýurtda wirusa 86 müň 192 adam ýolugyp, ondan 793 adam ölüpdir.
Gazak saglyk resmileriniň 29-njy iýulda beren maglumatyna görä, ýurtda wirusa 86 müň 192 adam ýolugyp, ondan 793 adam ölüpdir.

Gazak prezidenti Kasym-Žomrat Tokaýew ýurt boýunça, koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen yglan edilen çäklendirmeleri ýene iki hepde möhlete uzaltmak barada görkezme berdi. Mundan bir gün öň, gazak resmileri çäklendirmeleri gowşatmak mümkinçilikleri barada maslahat geçiripdiler.

Tokaýew kararyny 29-njy iýulda premýer-ministr Askar Mamin we saglyk ministri Alekseý Tsoý bilen geçiren gepleşiklerinden soň yglan etdi.

Mundan öň, Tsoý hökümetiň 3-nji awgustdan başlap koronawirus çäklendirmelerini gowşadyp başlamagyny maslahat beripdi.

Gazak saglyk resmileriniň 29-njy iýulda beren maglumatyna görä, ýurtda wirusa 86 müň 192 adam ýolugyp, ondan 793 adam ölüpdir.

Gyrgyzystan 1-nji awgustdan başlap dört ýurda, ýagny Russiýa, Türkiýä, Gazagystana we Birleşen Arap Emirliklerine howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy göz öňünde tutýandygyny mälim etdi. Gyrgyzystan martda koronawirus pandemiýasy sebäpli ähli halkara uçuşlaryny ýatyrypdy.

Gyrgyz resmileri ýurtda koronawirus bilen 34 müň 592 adamyň keselländigini we ol sebäpli 1 müň 347 adamyň heläk bolandygyny aýtdylar.

Täjik resmileriniň 29-njy iýulda beren maglumatyna görä, hökümet pandemiýa we çäklendirmeler sebäpli agyr güne düşen 488 müňe golaý adama 400 somoni, ýagny 38,5 dollar möçberinde bir gezeklik maliýe hemaýatyny berer.

28-nji iýuldaky maglumatlara laýyklykda, Täjigistanda wirusa ýoluganlaryň sany 7 müň 276 bolup, ondan 60 adam heläk bolupdyr.

Özbegistanda koronawirus bilen bagly umumy hasapda 22 müň 196 ýagdaý ýüze çykarylyp, wirus sebäpli ölenleriň sany 127-ä ýetipdir.

Türkmenistan sebitde koronawirusy resmi hasaba almadyk ýeke-täk ýurt bolmagyna galýar. Emma Azatlygyň habarçylary ýurduň keselhanalarynyň pnewmaniýa alamatly hassalardan doludygyny we olaryň hataryndan ençeme adamyň, şol sanda lukmanlaryň hem heläk bolandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG