Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda prezident kampaniýasyna goldaw berýän Tsapkala aýal doganynyň alnyp gaçylandygyny aýdýar


Weranika Tsapkala
Weranika Tsapkala

Howpsuzlyk aladalary sebäpli çagalary bilen Belarusdan gaçmaly bolan prezidentlige potensial öňki dalaşgär Waler Tsapkalanyň aýaly Weranika Tsapkala aýal doganynyň näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýdýar.

Oppozision kandidat Swýatlana Tsikhanouskaýanyň kampaniýasyna goldaw bermek üçin Belarusda galan Weranika Tsapkala 30-njy iýulda irden raýat eşigindäki näbelli adamlaryň öz aýal doganyny Minskdäki awtoulag duralgasyndan "alyp gaçandygyny" aýtdy. Häzirki wagtda onuň nirededigi belli däl.

“Men muny maňa, adamyma we saýlaw kampaniýamyza edilýän syýasy basyş diýip hasaplaýaryn” diýip, Tsapkala aýtdy.

Tsapkala, onuň sözüne görä, “adamysyna garşy şaýatlyk etmek" üçin ýurduň Guramaçylykly jenaýata garşy göreş müdirligine çagyrylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Weranika Tsapkalanyň sorag edilmegi Waler Tsapkala garşy başladylan jenaýat işi bilen baglanyşykly. Bu jenaýat işi, türk telekeçisi Sedat Igdeji (Sedat Igdeci) Waler Tsapkalany parahorlykda we kemsitmekde aýyplap, oňa garşy kazyýet işini gozgandan soň başladylypdy.

XS
SM
MD
LG