Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pandemiýa güýçlenýän mahaly, dünýäde COVID-19 ýokuşanlaryň sany 17 milliondan aşdy


Illýustrasiýa suraty

Bütin dünýäde hasaba alnan koronawirus näsaglarynyň sany 17 milliondan aşdy. Birleşen Ştatlarda bu wirusa ýolugan we ondan ölenleriň sanynyň artmagy dowam edýär.

Jonhs Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, 30-njy iýulda dünýäde koronawirusyň 17 million 39 müň 160 adama ýokuşandygy we COVID-19 keselinden 667 müň 218 adamyň ölendigi hasaba alyndy. Soňky dört günüň dowamynda wirus ýokuşan täze 1 million adamyň hasaba alynmagy bilen, pandemiýanyň gerimi güýçlenýär.

Birleşen Ştatlar koronawirusdan iň köp ejir çeken ýurt bolmagynda galýar. Bu ýurtda COVID-19 4 million 426 müň 982 adama ýokuşdy, şol sanda 150 müň 713 adam öldi. ABŞ-da 29-njy iýulda 24 sagadyň dowamynda koronawirusdan täze 1267 adamyň ölendigi hasaba alyndy.

Birleşen Ştatlarda koronawirusdan ölenleriň sany beýleki ýurtlardakydan has köp bolup, iň ýokary görkezijini görkezýän bolsa-da, onuň 330 milliondan gowrak ilaty 1 million adam başyna düşýän ölenleriň sany boýunça dünýäde sekizinji orunda durýandygyny aňladýar. Ilkinji ýedilikde Belgiýa, Britaniýa, Ispaniýa, Peru, Italiýa, Şwesiýa we Çili ýerleşýär diýip, statistika.com portaly aýdýar.

Braziliýa koronawirus ýokuşanlaryň we bu wirusdan ölenleriň sany boýunça ABŞ-dan soň, dünýäde ikinji orunda durýar. 29-njy iýulda Braziliýa COVID-19 keselinden ölenleriň sanynyň 90 müňden aşandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG