Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Oppozisiýa kandidatyny goldamak üçin Minskä on müňlerçe adam ýygnandy


Oppozisiýdan prezidentlige kandidatyň goldawçylary

Belarus paýtagtynda on müňlerçe oppozisiýa goldawçysy toplandy. Bu 9-njy awgustda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky kampaniýa başlaly bäri guralan iň uly oppozisiýa ýygnanyşygy boldy.

Adam hukuklaryny goraýan “Wýasna” merkezi 30-njy iýulda Minskde geçirilen demonstrasiýa prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba alnan Swýatlana Tihanowskaýa goldaw bildirmek üçin azyndan 63 müň adamyň gelendigini, sebäbi soňky aýlarda 26 ýyl häkimiýet başynda oturan Lukaşenaknyň barha ulalýan jemgyýetçilik garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi.

Tihanowskaýa Minskdäki ýygnanyşykda oppozisiýanyň rewolýusiýa däl-de, “adalatly saýlaw” isleýändigini aýtdy.

1994-nji ýyldan bäri Belarusy dolandyrýan Lukaşenka ýakyn wagtda geçiriljek saýlawda altynjy möhlete dalaş edýär.

Tihanowskaýanyň adamsy, meşhur blogçy Syarheý Tihanowski geçen aý prezidentlige dalaş etmek isleýändigini aýdanyndan soň tussag edildi. Tihanowskaýa şondan soň saýlawlara gatnaşmak kararyna gelendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG