Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentler pandemiýa meselesine ‘degip geçdi’, TDH BAE-den gelen kömegi aýtmaýar


BAE Türkmenistana kömek iberýär.
BAE Türkmenistana kömek iberýär.

Türkmenistanyň saglyk ulgamynyň täze ýokanç keseliň ýaýramagyny haýallatmak üçin zerur bolan göreşe düýpden taýýar däldigi, saglyk enjamlarynyň we dermanlaryň ýiti ýetmezçilik edýändigi barada howsalaly habarlar gelip gowuşýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji iýulda Azerbaýjanyň, Owganystanyň we Türkiýäniň prezidentleri bilen telefonda gürleşip, kärdeşlerini Gurban baýramy bilen gutlady we bu ýurtlar bilen aradaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.

Prezidentler Ilham Aliýew, Mohammad Aşraf Gani we Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçirilen telefon söhbetdeşliklerinde “sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri” bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasy bilen bagly meselä hem, neşiriň öz sözleri bilen aýtsak, “deglip geçildi”.

Neşiriň Berdimuhamedowa salgylanyň ýazmagyna görä, Türkmenistan “halkara jemgyýetçiligini pandemiýa garşy göreşde doly goldaýar” we “anyk netijeleri gazanmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny”, “bu ugurda täze usullary işläp taýýarlamakda giň hyzmatdaşlyga taýýardygyny” tassyklaýar.

Emma habarda döwlet baştutanlarynyň howply wirusyň ýaýramagyna garşy göreş bounça nähili goşmaça çäre görjekdigi, bu barada maslahatlaşylandygy anyklaşdyrylmaýar.

Şu aralykda Türkiýäniň Türkmenistandaky işçilerini we hünärmenlerini ewakuasiýa etmek üçin çarter uçaryny planlaşdyrýandygy mälim boldy.

Akipress.com neşiri 31-nji iýulda “Gülhan-Dearsan” türk-türkmen kompaniýasynyň öz işçilerini we beýleki türk kompaniýalarynyň hünärmenlerini ewakuasiýa etmek üçin çarter uçaryny gurnaýandygyny habar berdi, emma Türkiýeden geljek uçarda yzlaryna dolanmak zerurlygy çykan türkmen migrantlarynyň gelip biljekdigi ýa däldigi bilinmeýär.

Neşiriň Türkmenistandaky türk diplomatik missiýasyna salgylanyp ýazmagyna görä, "Türk howa ýollarynyň" uçary 7-nji awgust güni agşam Türkmenbaşydan Stambula uçmaly.

Mundan öň, 26-njy iýunda gurnalan çarter uçuşynda 133 türk raýaty, 10-njy iýulda guralan uçuşda bolsa ýene 30 raýat Türkmenistandan çykdy. Bu uçuşy “Bouygues” fransuz gurluşyk kompaniýasy gurady. Emma Türkmenistanyň Türkiýede, Hindistanda we beýleki gurtlarda galan raýatlarynyň haçan ýurda dolanyp biljekdigi belli bolman galýar.

Azatlyk radiosy türkmen häkimiýetleriniň pandemiýa döwründe daşary ýurtlarda galan raýatlary üçin uçar mümkinçiliklerini döretmek planlary barada hiç bir maglumat alyp bilmedi.

Şeýle-de, ýurtda hiç bir koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny aýdýan türkmen häkimiýetleri Azatlygyň ilat arasyndaky ölüm habarlary, gonamçylyklarda peýda bolan täze mazarlaryň birden aşa köpelmegi barada berýän maglumatlaryny ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň saglyk ulgamynyň täze ýokanç keseliň ýaýramagyny haýallatmak üçin zerur bolan göreşe düýpden taýýar däldigi, saglyk enjamlarynyň we dermanlaryň ýiti ýetmezçilik edýändigi barada howsalaly habarlar gelip gowuşýar.

“Döwlet bahasy bir manat bolan agyz-burun örtgüsi Lebabyň döwlet dermanhanalarynda düýpden ýok diýen ýaly, gyssanyp gözleseň, hiç birinde tapdyrmaýar” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 31-nji iýulda habar berdi. Onuň sözlerine görä, medisina maskalary hususy dükanlarda näçe diýseň bar.

Ýöne hususy dükanlarda her biri 8-15 manat aralygynda satylýan ýüz maskalaryny köp adam satyn alyp bilmeýär, işsizlik, manadyň hümmetiniň gaçmagy, gymmatçylyk zerarly ilatyň uly bölegi çörege pul tapsa, zor boldugy diýip, habarçy aýtdy.

Anonimlik şertinde gürleşen dermanhana işgäri döwlet dermanhanalaryna berilýän ýüz maskalarynyň dermanhana başlyklary tarapyndan hususy dükanlara satylýandygyny aýtdy.

“Bu hili bikanun işler, döwletiň ilat üçin goýberýän harytlarynyň we saglyk enjamlarynyň hasabyna gazanç etmek döwlet emeldarlarynyň bileleşmegine amala aşyrylýar, bolýan zatlar köp adam üçin syr däl. Sebitiň MHM, polisiýa ýolbaşçylary rugsat bermese, bir bulgur suw hem satyp bolmaýar” diýip, anonim şertde gürleşen satyjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Şu aralykda Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistana 60 tonna saglyk enjamyny iberdi, olaryň takmynan 90 müň saglyk işgärine koronawirus bilen göreşde professional ýardam boljakdygy aýdylýar.

Türkmen mediasy bu kömek barada habar bermedi, ýogsa ozal Aşgabat başga ýurtlara, şol sanda Türkmenistandan ykdysady kuwwaty has uly bolan Eýran, Orsýet ýaly ýurtlara hem ynsanperwer kömek iberende, TDH gijikmän habar berýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG