Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus saglyk ministri oktýabrda COVID-19-a garşy “giň” sanjyma başlanjakdygyny çaklaýar


Mihail Muraşko
Mihail Muraşko

Orsýet oktýabr aýynda koronawirus ýokuşmasyna garşy “giň sanjym”, waksina geçirmegi planlaşdyrýar diýip, ýurduň saglyk ministri 1-nji awgustda aýtdy.

Saglyk ministri Mihail Muraşko Nižniý Nowgorodda žurnalistler bilen söhbetdeşlikde sanjym programmasynda mugallymlaryň we medisina işgärleriniň ileri tutuljakdygyny aýtdy.

Muraşko sanjym ýa-da waksina programmasy barada başga anyk maglumat bermedi.

“Roýters” habar gullugy hepde başynda ady aýdylmadyk çeşmä salgylanyp ýamzagyna görä, Orsýetiň ilkinji COVID-19 sanjym kandidaty awgust aýynda hökümet tassyknamasyny almaly.

Habar berlişine görä, Orsýetde iki sanjym ýa-da waksina bar: olaryň biri Moskwada ýerleşýän Gamaleýa instituty tarapyndan Goranmak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda we beýlekisi Nowosibirskdäki Wektor döwlet barlaghanasy tarapyndan tassyklanyldy.

ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça iň ýokary derejeli işgäri Entoni Fauci 31-nji iýulda ABŞ Kongresiniň öňünde eden çykyşynda COVID-19 sanjymlarynyň Orsýetde we Hytaýda öndürilýändiginden alada bildirdi.

"Hytaýlylar we ruslar sanjymy hiç kime bermezden ozal synagdan geçirerler diýip umyt edýärin" diýip, Fauci aýtdy.

XS
SM
MD
LG