Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň eglişikli mejlisi Lukaşenkanyň çakylygy boýunça maslahata jemlendi


Prezidentlige kandidat Swetlana Tsihanowskaýanyň saýlawdan öňki piketi, Grodno, 2020-nji ýylyň 1-nji awgusty

Belarusyň parlamentiniň awtoritar prezident Alyaksandr Lukaşenka tarapyndan çagyrylan adatdan daşary mejlisi prezidentlik saýlawlarynyň birnäçe gün öňüsyrasynda 3-nji awgustda işe başlady.

Prezidentlik saýlawlary 9-njy awgustda geçiriler.

2-nji awgustda prezidentiň metbugat sekretary Natalýa Eismant Lukaşenkanyň 4-nji awgustda parlamente we halka ýüzlenjekdigini aýtdy.

Mejlisiň maslahata ýygnan pursady Lukaşenkanyň syýasy garşydaşlarynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdy dolandyrýan hökümete garşy öz çykyşlaryny güýçlendiren wagtynda gabat geldi.

Lukaşenka parlamente we halka ýüzlenmek kararynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli aprel aýyndan bäri yza tesdirilendigini aýtdy.

Oppozisiýanyň prezidentlige dalaşgäri Swýatlana Tsihanouskaýa 28-nji iýulda parlamentiň iki palatasyna, Merkezi saýlaw komissiýasyna we milli telewideniýe hem radio korporasiýasyna, ýüz tutup, Lukaşenka bilen bir günde millete we parlamente ýüzlenmäge rugsat sorandygyny aýtdy.

Soňky hepdelerde Minskde we Belarusyň beýleki şäherlerinde geçirilen ýygnanyşyklarda on müňlerçe tarapdaryny ýygnamagy başaran Tsihanouskaýanyň kanun çykaryjylara we halka ýüzlenmegine rugsat beriljegi gümana.

Iş ýüzünde Belarus parlamenti Milli Assambleýanyň hakyky güýji az. Belarusyň ähli dolandyryş ygtyýarlygy 1994-nji ýyldan bäri döwlet başyndaky Aleksandr Lukaşenkanyň elinde jemlenýär.

Soňky hepdelerde on müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky oppozision ýörişler bilen Lukaşenkanyň altynjy möhlete dalaş etmegine garşylyk görkezilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG