Eýranyň resmileri 2-nji awgustda tassyklanan koronawirus infeksiýaly ýagdaýlaryň soňky bir aýyň içinde iň ýokary bolandygyny aýtdy.
Geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň merkezinde ýüze çykan COVID-19 keselinden Ýakyn Gündogarda iň erbet ýagdaýa uçran Eýran Kum şäherinden tapylyp, soň ýurduň beýleki ýerlerine ýaýrap başlan wirusy saklamagy başarypdy.
AFP agentligi Eýranyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lariniň sözlerine salgylanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2685 adamda wirusyň tapylandygyny habar berdi. Bu 8-nji iýuldan bäri iň ýokary sandyr. Bu epidemiologiki ýagdaý Eýranyň 31 welaýatynyň 25-sinde degişli.
Eýranda koronawirus anyklanan 306 000-den gowrak adam hasaba alynyp, dünýäde dokuzynjy ýerde durýar.
COVID-19 keseli 17 000 töweregi eýranlynyň ölümine sebäp boldy. Eýran COVID-19 keselinden ölenleriň sany boýunça dünýäde 10-njy ýerde durýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.