Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG hasabaty: Demirgazyk Koreýanyň kiçi göwrümli ýadro serişdelerini düzen bolmagy ‘mümkin’


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi (arhiw suraty)
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi (arhiw suraty)

Demirgazyk Koreýa ýadro ýaragyny edinmek programmasyny ilerledýär, şeýle-de käbir döwletleriň pikiriçe Phenýan kiçi göwrümli ýadro serişdelerini eýýäm işläp düzüpdir diýip, BMG-niň gizlin hasabatynda aýdylýar.

BMG-niň Demirgazyk Koreýa girizen sanksiýalaryna gözegçilik edýän garaşsyz ekspertleriň paneliniň taýýarlan hasabatynda Phenýanyň ballistik raketalaryna ornaşdyryp bolýan kiçi göwrümli ýadro serişdelerini işläp düzen bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.

Reuters we dpa habar gulluklarynyň maglumatyna görä, hasabat 3-nji awgustda BMG-niň 15 agzalyk Howpsuzlyk geňeşine hödürlenipdir.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro programmasynyň, şol sanda baýlaşdyrylan uran önümçiliginiň üstünde işlemegini dowam etdirýär.

Demirgazyk Koreýa alty ýadro synagyny geçirdi. Synaglaryň soňkusy 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirildi.

Geçen hepde Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un ýadro ýaragynyň ýurduň howpsuzlygyny kepillendirjekdigini aýtdy.

2018-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Demirgazyk Koreýanyň lideri üç gezek duşuşdylar, emma taraplar gepleşikleri ilerledip bilmediler.

ABŞ Phenýanyň ýadro programmasyndan el çekmegini isleýär, Demirgazyk Koreýa bolsa sanksiýalaryň ýatyrylmagyny talap edýär.

XS
SM
MD
LG