Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýrutdaky partlamada azyndan 100 adam öldi


Partlamada kilometrler aralykdaky jaýlar weýran boldy
Partlamada kilometrler aralykdaky jaýlar weýran boldy

Liwanyň paýtagty Beýruty sarsdyran iki sany weýrançylykly partlamanyň netijesinde azyndan ýüz adam öldi, başga-da müňlerçesi ýaralandy. Bu aralykda, hökümet betbagtçylyk yglan etdi.

4-nji awgustda Beýrutyň portunda dörän partlamanyň netijesinde şäheriň diňe sanlyja binasyna zeper ýetmedi. Partlamada kilometrler aralykdaky jaýlar weýran boldy, penjireler döwüldi. Häzir şäher uruşdan soňky sahnany ýatladýar.

Liwanyň Gyzyl haç jemgyýetiniň başlygynyň 5-nji awgustda ýerli habar serişdelerine beren maglumatyna görä, partlamada heläk bolanlaryň sany 100-e ýetip, has köp adam heniz hem ýykylan jaýlaryň aşagynda galýar.

Keselhanalarda ýerleriň ýoklugy, şeýle-de harabaçylygyň aşagynda başga-da adamlaryň galmagy sebäpli pidalaryň sanynyň has hem artyp biljekdigi bellenilýär.

Mundan öň, Liwanyň saglyk ministri partlamada 73 adamyň ölendigini, 4 müňe golaýynyň hem ýaralanandygyny aýdypdy.

Partlama anyk nämäniň sebäp bolandygy häzirlikçe belli däl.

Premýer-ministr Hassan Diabyň sözlerine görä, portuň ammarlarynda ýyllap oba hojalygyna niýetlenen dökün ammiak selitrasy saklanypdyr.

Dünýäniň ençeme ýurdy, şol sanda Birleşen Ştatlar, Fransiýa, Ysraýyl we regionyň arap döwletleri Liwana hemaýat, şol sanda medisina serişdelerini ugratdy.

XS
SM
MD
LG