Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde daşary ýurtly studentleriň patentsiz işlemeklerine rugsat berildi


Moskwada okaýan täjik studentleri

Orsýetde 5-nji awgustdan daşary ýurtly studentler iş rugsady ýa-da patenti bolmazdan hem işläp biler. Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatyna görä, bu barada "Russiýa Federasiýasyndaky daşary ýurt raýatlarynyň kanuny ýagdaýy baradaky" kanuna girizilen üýtgetmelerde aýdylýar.

"Iş berijiler esasy hünär beriş programmalary esasynda kollejlerde we uniwersitetlerde okaýan daşary ýurtly studentleri iş rugsady ýa-da patenti bolmazdan hem işe alyp biler" diýip, habarda aýdylýar.

Indi studentler okuwdan boş wagtlarynda, iş beriji bilen zähmet şertnamasyny baglaşyp, tapan işlerinde işläp bilerler. Ozal daşary ýurtly studentlere diňe dynç alyş günlerinde ýa-da uniwersitetleri tarapyndan döredilen guramalarda rugsatsyz we patentsiz işlemek mümkinçiligi berilýärdi.

Şol bir wagtyň özünde, iş beriji daşary ýurtly işçileri işe çekmek we ulanmak üçin ýörite rugsat almaly bolmaz.

Bolgariýadan gelen 150 student birinji kursy gutaran badyna Orsýeti terk edeninden soň, Federasiýa geňeşi şeýle kanun düzedişlerini girizmek kararyna geldi. Sebäbi studentleriň gitmeginiň sebäbi olaryň işe ýerleşip bilmezligi we pulunyň bolmazlygy bilen bagly hasaplanýar.

Orsýetiň 688 uniwersitetinde we olaryň 465 filialynda 300 müňe golaý student okaýar. Daşary ýurtly studentleriň köpüsi Kazan Federal uniwersitetinde, Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti we Moskwanyň "Sinergiýa" maliýe we senagat uniwersitetinde okaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG