Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýrutda 120 töweregi adam agyr ýagdaýda galýar


Beýrut. Partlamadan soň öýünde oturan ýaşaýjy.
Beýrut. Partlamadan soň öýünde oturan ýaşaýjy.

Beýrutda partlamanyň ýa-da, käbir habar beriş serişdeleriniň habar berşi ýaly, bir wagtyň özünde bolan iki partlamanyň pidalarynyň sany, soňky maglumatlara görä, 154 adam boldy.

Liwanyň Saglyk ministri ejir çeken 5 müň adamyň takmynan her bäşinjisiniň keselhana ýerleşdirilmeginiň zerurdygyny, 120 adamyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Beýrudyň 300 müňe golaý ýaşaýjysy öýsüz galdy, şolardan 80 müňüsi çagalar bolup durýar. Bu BMG-niň berýän maglumatlary.

Bütindünýä saglyk guramasy pidalara gyssagly berilmeli kömegiň möçberini 15 million dollar diýip çaklady.

4-nji awgustda agşam Beýrut portunda iki partlama boldy. Hukuk goraýjy guramalaryň habar bermegine görä, şol gün ammarlaryň birinde degişli howpsuzlyk çärelerini görmezden alty ýyllap saklanan 2700 tonnadan gowrak ammiak selitrasy partlady.

XS
SM
MD
LG