Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Lukaşenkony bikanun tussag edilenleriň hemmesini boşatmaga çagyrýar


Belarus. Minsk şhäriniň merkezindäki tussag etmeler
Belarus. Minsk şhäriniň merkezindäki tussag etmeler

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Josep Borrell Aleksandr Lukaşenkony saýlaw gözegçilerini, parahatçylykly demonstrantlary, kandidatlary we toparyň agzalaryny mundan beýläk tussag etmekden saklanmaga we Belarusda syýasy sebäpler bilen tussag edilen ähli aktiwistleri, adam hukuklaryny goraýjylary, blogçylary we žurnalistleri derrew boşatmaga çagyrdy.

Borrell Belarus raýatlarynyň saýlaw kampaniýasynyň dowamynda “görlüp-eşidilmedik syýasy mobilizasiýa” görkezendigini belläp, ÝB-niň Belarus babatdaky syýasatynyň bu ýurtda adam hukuklaryna we demokratik ýörelgelere hormat goýulmagyna esaslanýandygyny aýtdy.

Fransuz radiosynyň habaryna görä, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Polşanyň daşary işler ministrleri hem bilelikde beýanat etdiler.

Olar eýýäm başlanan irki ses berişlikdäki bidüzgünçilikler, halkara guramalarynyň wekillerine saýlawlara gözegçilik etmäge rugsat berilmeýändigi baradaky habarlardan alada bildirdiler.

Şeýle-de olar Belarusda aç-açan jemgyýetçilik gepleşikleriniň geçirilmegini goldadylar we syýasy sebäpler esasynda tussag edilenleriň boşadylmagyna çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG