Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus möhüm saýlawlaryň öňüsyrasynda “Häzirki zamanyň” üç habarçyny ýurtdan çykardy


"Häzirki zamanyň" (Current Time) habarçylary Irina Romaliýskaýa, Ýuriý Baranýuk we Iwan Grebenýuk, Minsk, Belarus
"Häzirki zamanyň" (Current Time) habarçylary Irina Romaliýskaýa, Ýuriý Baranýuk we Iwan Grebenýuk, Minsk, Belarus

Belarus häkimiýetleri ýurtda geçiriljek möhüm prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda AÝ/AR-nyň "Häzirki zaman" telekanalynyň üç habarçyny deportasiýa etdi.

Şeýle-de bu üç habarçy, Irina Romaliýskaýa, Ýuriý Baranýuk we Iwan Hrebenýuk on ýyllap Belarusa girmesiz edildi.

AÝ/AR-nyň žurnalistleri 7-nji awgustda, paýtagt Minskdäki bir myhmanhanada tussag edildi we golaýdaky polisiýa bölümine äkidildi. Olaryň näme üçin tussag edilendigi entek belli däl.

Häzir Ukraina gelen žurnalistler Minsk polisiýa bölüminde özlerinden Belarusdaky işleri barada sorag edilendigini gürrüň berdiler.

Romaliýskaýa öz Facebook sahypasynda oppozisiýa kandidaty Swetlana Tihanouskaýanyň tarapdarlary tarapyndan geçirilen Minsk ýygnnyşygyny göni ýaýlymda görkezip, "Meniň düşünişime görä, tussag edilmegiň we soňraky deportasiýa edilmeginiň sebäbi düýnki efir" diýdi.

AÝ/AR-nyň “Häzirki zaman” neşiri, “Amerikanyň sesiniň” (VOA) kömegi bilen rus dilinde telewizion habar gepleşiklerini öndürýän telekanal žurnalistlerini Belarusa ibermezinden öň ygtyýarnama sorap, häkimiýetlere ýüz tutdy. Emma Belarusyň Daşary işler ministrligi olaryň arzalaryna jogap bermedi.

Romaliýskaýa we Grebenýuk Ukrainanyň raýatlary, Baranýuk bolsa Russiýanyň raýaty.

Biziň "Häzirki zaman” " žurnalistlerimiz Belarusda geçiriljek prezident saýlawlaryny öz içine alýan işlerini ussatlarça ýerine ýetirýän wagtynda tussag edildi” diýip, AÝ/AR-nyň iş başyndaky prezidenti Deýzi Sindelar aýtdy.

XS
SM
MD
LG