Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goranmak sekretary ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlaryny ýene azaltjagyny aýdýar


 Mark Esper
Mark Esper

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky goşun derejesini noýabr aýynyň ahyryna çenli "5000-den aşaga" düşürmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Esper bu sözleri 8-nji awgustda "Fox News" tarapyndan efire berlen interwýusynda aýtdy.

Onuň aýdan sözleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hepdäniň başynda yglan eden goşun azaltmak planlaryna jikme-jiklik goşýar.

Häzirki wagtda ABŞ-nyň Owganystanda takmynan 8600 esgeri bar.

Tramp 3-nji awgustda “Axios” bilen söhbetdeşlikde Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esger sanyny 4000 töweregine getirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG