Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deslapky netijelere görä, Lukaşenka prezidentlige saýlandy


Saýlaw galplyklary baradaky aladalar arasynda, müňlerçe protestçi howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy.

Belarusda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenka ýeňiş gazandy diýip, ýurduň Merkezi Saýlaw Komissiýasy 10-njy awgustda mälim etdi. Mundan öň, öten agşam saýlaw galplyklary baradaky aladalar arasynda, Minskde we beýleki şäherlerde müňlerçe protestçi howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy.

Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Lidziýa Ýarmoşynanyň sözlerine görä, deslapky netijelere laýyklykda Lukaşenka sesleriň 80,23%-ni alypdyr.

Lukaşenkanyň esasy bäsdeşi Swýatlana Tihanowskaýa sesleriň 9,9%-ni, beýleki üç dalaşgäriň her biri bolsa 2%-den hem az sesleri alypdyrlar.

Bu aralykda, Lukaşenkanyň garşydaşlary saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny aýtdylar. Öten agşam saýlaw galplyklary baradaky aladalar arasynda, Minskde we beýleki şäherlerde müňleçe protestçi howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy. Demonstrantlar Lukaşenkanyň uly aratapawut bilen nobatdaky gezek prezidentlige saýlanandygyny görkezýän resmi egzit-polyň netijelerine nägilelik bildirdiler.

Ýarmoşyna saýlawlaryň soňky netijeleriniň deslapky görkezijilerden kän tapawut etmejekdigini hem belläp geçdi.

Saýlawlara gatnaşyk 84% bolupdyr.

Lukaşenka 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolup, ol saýlaw kampaniýasy döwri özüniň syýasy garşydaşlaryna basyş görkezdi, ýurduň güýç gulluklary bolsa, ýüzlerçe adamy, şol sanda žurnalistleri, bloggerleri we syýasy aktiwistleri tussag etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG