Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" tussaglarynyň boşadylmagy owgan parahatçylyk gepleşiklerini golaýladýar


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani tussaglykdaky 400 “Talyban” jeňçisini azat etjekdigini yglan etdi. Munuň "Talyban" bilen owgan hökümetiniň wekilleriniň, owgan jemgyýetiniň beýleki gyzyklanýan taraplarynyň arasynda, ýurtdaky tas 20 ýyllyk urşy bes etmäge gönükdirilen, owganara dialoga, parahatçylyk gepleşiklerine ýol açjakdygy öýdülýär.

Gani “Talyban” tussaglaryny azat etmek baradaky meýlini 9-njy awgustda yglan etdi. Bu karar Kabulda üç günläp dowam eden Loýa Jirganyň ahyrynda berlen maslahat esasynda kabul edildi. Loýa Jirga owgan taýpa ýaşulularynyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň jedelli milli meseleleri çözmek üçin ulanýan adaty ýygnagy bolup durýar.

Tussag alyş-çalşygy owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasyndaky owganara gepleşikleriniň başlamagynyň esasy şertidi. Bu barada mundan bäş aý ozal Waşington bilen “Talybanyň” arasynda baglaşylan ylalaşykda bellenipdi.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň özüniň Twitter hasabyndaky galdyran ýazgysyna görä, gepleşikleriň, tussag alyş-çalşygy tamamlandan soňra, birnäçe günüň içinde Kataryň paýtagty Dohada başlanmagyna garaşylýar.

Halilzad Ganiniň kararyny we Loýa Jirganyň deklarasiýasyny gowy garşylady.

Ol taraplaryň syýasy ýol kartasy boýunça özara ylalaşyga gelmek we, Owganystandaky urşa soň berjek, ok atyşyklaryň bes edilmegi boýunça prosese başlandyklaryny hem sözüne goşdy.

“Talybanyň” metbugat wekiliniň “Reuters” habarlar gullugyna aýtmagyna görä, gepleşikler 10 günüň içinde başlanlar. Emma ol Ganiniň gepleşiklerden öň ok atyşyklary togtatmak talaby boýunça hiç zat aýtmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG