Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bill Geýts ‘başky bärden gaýtmalar’ sebäpli, ABŞ-nyň koronawirusy ýeterlik kontrol edip bilmändigini aýtdy


Bill Geýts
Bill Geýts

‘Microsoft’ kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts ABŞ-da koronawirus bilen baglylykda talaba laýyk anyklaýyş programmasynyň ýola goýulmandygy sebäpli, Birleşen Ştatlaryň koronawirus pandemiýasynyň gerimine kontrollyk etmek boýunça galan dünýäden yzda galandygyny aýtdy. Geýts bu barada 9-njy awgustda CNN-e beren interwýusynda aýtdy.

Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatyna görä, ABŞ-da koronawirus bilen kesellänleriň sany 5 milliondan aşyp, ondan heläk bolanlaryň sany hem 162 müňden geçdi.

Geýts ‘başky tapgyrdaky dürli bärden gaýtmalaryň’ testleriň gijikmegine sebäp bolandygyny belledi.

Geýts aglaba saglyk meseleleri boýunça iş alyp barýan, öz aýaly bilen dolandyrýan fondy arkaly haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýar.

Geýts hökümete ýüzlenip, testleri üpjün edýän kompaniýalardan netijeleriň has gysga wagtda äşgär edilmegini talap etmegini, şeýle-de testleriň baý we garyp gatlakdaky adamlara deň derejede elýeterli edilmegini sorandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG